ABŞ-da dowam edýän 48-nji Kopa Amerika çempionatynda ýer eýeleri ýaryşy dowam etdirip bilmedi. “C” toparçada Boliwiýany 2-0 ýeňip, 3 utuk bilen başlan amerikanlar 2-nji duşuşygynda Panamadan 2-1 hasabynda asgyn geldi. 3-nji duşuşygynda bolsa Urugwaýdan 1-0 utulan ABŞ-nyň ýygyndysy wagtyndan ir ýaryş bilen hoşlaşdy. Urugwaýyň ýygyndysyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 66-njy minutda Matias Oliwera geçirdi. Toparçadaky beýleki duşuşykda bolsa Panamanyň ýygyndysy Boliwiýany 3-1 (Faýardo 22, Gerrero 79, Ýanis 90+1 – Miranda 69) hasabynda ýeňip, ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşynda çärýek finala çykdy.

Urugwaýdyr Panamanyň ýygyndylarynyň çärýek finaldaky garşydaşlary “D” toparçada ertir daňdanlar oýnaljak 3-nji duşuşyklardan soň belli bolar.