1998-nji ýylyň 6-njy iýulynda Gonkongyň Çheklapkok adasynda halkara aeroport açylýar. Şäheriň ozalky halkara aeroporty bolan Kaýtak deňiz kenarynda ýerleşip, üç tarapy suw bilen gurşalandy. Şeýle hem howa menziliniň bir tarapyndan dik depeler, beýleki tarapynda beýik jaýlar bardy. Şeýlelikde bu aeroporta gonmak uçarmanlar üçin uly kynçylyk döredýärdi. Şeýle bolansoň, 1925-nji ýyldan bäri ulanylýan halkara aeroport 30 kilometr uzaklykdaky Çheklapkok adasyna göçürilýär. Täze aeroporty gurmak üçin ada tekizlenýär we giňeldilmeli bolýar. Gonkongyň halkara aeroporty dünýäniň iň köp gatnawly howa menzilleriniň biridir. Aeroporta awtoýol bilen bir hatarda demir ýol arkaly otly bilen hem baryp bolýar.