Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe halkara derejesinde maslahatlar geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda “Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti” atly halkara maslahaty we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi geçirildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň wajyplygy bellenip geçildi. Çykyş edenleriň pikirine görä, Türkmenistan döwletiniň Bitaraplygy sebit hem-de dünýä derejesinde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň bitaraplygynyň hukuk esaslary döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegiň hem-de oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde iňňän ýokary baha mynasyp boldy.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Sebitiň ähli döwletleriniň goldamagy bilen bu merkeziň açylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekleri üçin şertleri döretmek barada dünýä bileleşiginiň maksadynyň bitewidigini ýene bir gezek tassyklady.
Bulardan başga-da, şol gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezinde bu düzümiň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan daşary işler ministrleriniň we sebitiň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleri we ministrleriň orunbasarlary gatnaşdylar.
Onuň dowamynda sebitde öňüni alyş şertlerinde, şol sanda 2018-2020-nji ýyllarda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Hereketler maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde sebitara gatnaşyklar boýunça birnäçe anyk tekliplere garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda jemleýji resminama kabul edildi. Onda BMG-niň Baş Assambleýasynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny baradaky 72/7 belgili Kararnamasyna hoşallyk bildirildi we Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygyň gurallaryny we sebitleýin gepleşikleri berkitmegiň wajyplygy aýdyldy.
Arslan Garagözow,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň mugallymy.