Türkmenistanyň küşt boýunça çagalar ýygyndy topary 22-nji iýun — 3-nji iýul aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen 8, 10 hem-de 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen FIDE-niň Dünýä kubogynda çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi.
Dünýäniň iň güýçli küştçülerinden 48-si ýaryşyň alty derejesiniň ählisine gatnaşdy, olar halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) wekillerinden aýratyn çakylyk aldylar. Türkmenistanyň wekilleriniň hem ilkinji gezek «gibrid» formatda geçirilen bu abraýly ýaryşa alty derejede çykyş etmek üçin çakylyk alandyklaryny bellemelidiris.
Gatnaşyjylar 24 adamdan ybarat iki topara bölündiler we ilki şweýsar usulyndan ýedi partiýa oýnadylar. Soňra bolsa küştçüler beýleki bir toparda öňdäki orunlary eýelän garşydaşlary bilen oýnadylar we nokaut ulgamy boýunça 24 jübütde iň güýçlini kesgitlediler.
Türkmen küştçilerinden iň gowy netijäni görkezmek 10 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda bäsleşen Aýýa Baýramowa (Lebap) miýesser etdi. Ol öz toparynda 8-nji orny eýeledi. Soňra iki oýnuň netijeleri boýunça pleý-off tapgyryndaky garşydaşyny — singapurly Sim En Rui ýeňdi. Netijede ildeşimiz 15-nji ýeri eýeledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndysyna öz derejelerinde ýurdumyzyň çempionlary bolan küştçüleriň birnäçesi gatnaşdy: Aýlar Hemraýewa (8 ýaşa çenli), Nebahat Muradowa (12 ýaşa çenli), Çaryhekim Çaryýew (8 ýaşa çenli), Omarbek Ismaýylow (10 ýaşa çenli) we Rauf Ýusupow (12 ýaşa çenli).
Bu ýaryşa 37 ýurtdan 288 küştçi gatnaşdy. Medal gazananlaryň arasynda ABŞ-nyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň wekilleri bar.
Soňky bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň ýaşlar, ýetginjekler we çagalar milli ýygyndylarynyň agzalaryndan 30-a golaýy 20 ýaşa çenli küştçileriň arasyndaky dünýä çempionaty (Hindistan), 8 — 18 ýaş aralygyndaky Aziýa çempionaty (Gazagystan) we nobatdaky Dünýä kubogy ýaly iri ýaryşlaryň üçüsine gatnaşdy.