Russiýanyň «Melodiýa» firmasy tarapyndan Türkmenistanda ady rowaýata öwrülen «Güneş» wokal-instrumental ansamblynyň 1980-nji ýyllarda peýda bolan ilkinji doly göwrümli winil plastinkasy gaýtadan çykaryldy. Sowet jaz-roky we gündogar fýužn stiliniň ajaýyp nusgasy hökmünde kabul edilýän bu albom 45 ýyldan gowrak wagtdan soň ýene-de aýdym-saz söýüjilerine ýetirildi. “Soviet groove” žanrynyň gymmatly artefaktlarynyň biri bolan bu albomyň ilkinji görnüşi «Melodiýa» firmasynyň redaktory Wladimir Ryžikowyň we ses režissýory Rafik Rahimowyň tagallasy bilen taýýarlanypdy. Albomyň mazmunyny Myrat Sadykowyň ýerine ýetiren aýdymlary, türkmen halk sazlarynyň täzeden işlenen görnüşleri hem-de 11/8 ölçegdäki «Gündogar sowgady» («Восточный сувенир») atly instrumental kompozisiýa düzýär. Aýdym-saz boýunça bilermen Denis Boýarinowyň bellemegine görä, bu albom döredijilik kuwwatynyň iň ýokary basgançagyna göterilen ussat toparynyň aýdyň keşbidir.

1970-nji ýylda Aşgabatda döredilen «Güneş» ansambly etno-jaz-rok ugry boýunça giňden tanalyp, etnik sazy häzirki zaman žanrlary bilen utgaşdyran «dördünji akym» döredijilik usulyny ösdürdi. Topar 1980-nji ýylda Tbiliside geçirilen «Bahar ritmleri. Tbilisi-80» festiwalynda 2-nji orny eýeledi, onuň deprekçisi Rişad Şafiýew bolsa festiwalyň iň gowy deprekçisi hökmünde ykrar edildi. Ansambl öz aktiw döredijilik işini 1999-njy ýyla çenli dowam etdirdi.

Ýatlap geçsek, «Melodiýa» firmasy 1964-nji ýylda ählumumy gramplastinka firmasy hökmünde esaslandyrylyp, Russiýanyň ses senagatyndaky iň köne kärhanadyr. Sowet döwründe ýurduň ähli gramplastinka fabriklerini we ses ýazgy studiýalaryny birleşdiren bu döwlet guramasy ses ýazgylaryny öndürmek, saklamak we ýaýratmak bilen meşgullanýar.

Şeýle hem geçen iýul aýynda «Güneş» ansamblynyň düzüminde çykyş eden, milli estrada sungatymyza uly goşant goşan Türkmenistanyň halk artisti, ussat kompozitor we sazanda Şamämmet Bäşimow aradan çykdy. Onuň baý aýdym-saz mirasy milli medeniýetimiziň altyn hazynasyna ebedilik girdi.