5-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk hlor bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu serişdäni bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, “Balkanabat” ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebap guramaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.