Parf­ýu­me­ri­ýa önüm­le­ri gün­de­lik dur­muş­da giň­den ula­nyl­ýan se­riş­de­ler bo­lup, ys be­ri­ji­le­riň ula­ny­lyş düz­gün­le­ri­ni bil­mek esa­sy şert­le­riň bi­ri­dir. Esa­san hem, ho­wa­nyň gyz­gyn gün­le­ri aty­ryň sak­la­nyş we ula­ny­lyş düz­gün­le­rine üns­li çe­me­leş­me­li. Ýag­ny haý­sy aty­ry ha­çan we nä­hi­li ýag­daý­da se­pin­me­li, ho­wa şer­ti­ne gö­rä haý­sy aty­ry saý­la­ma­ly? Şeý­le hem aty­ryň ga­pa­gy­ny aça­ny­myz­dan soň nä­çe wagt ula­nyp bi­le­ris? Ge­liň, atyr ula­na­nymyz­da üns ber­me­li ýag­daý­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Ysyň pe­sel­me­gi. Parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri gym­mat­ly şah­sy ideg önü­mi bo­lup, her kim öz halaýan ysyna görä atyr saý­la­ýar. Kä­bir atyr açy­lan­dan soň ýu­waş-ýu­waş ysy­ny ýi­ti­rip ug­ra­ýar. Aty­ryň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­niň pe­sel­me­gi, onuň za­ýa­la­nan­dy­gy­nyň il­kin­ji ala­ma­ty­dyr. Aty­ry ka­gy­zyň üs­tü­ne se­piň we az sa­lym ýel­pä­ni­ňiz­den soň, ys­gap gö­rüň! Eger bur­nu­ňy­za baş­da­ky ýa­ly hoş­boý ys gel­se, on­da aty­ry ula­ny­ber­me­li. Eger-de ýa­kym­syz ys bur­nu­ňy­za ur­sa ýa-da hiç hi­li ys al­ma­sa­ňyz, on­da aty­ryň za­ýa­la­nan­dy­gy. Mun­dan baş­ga-da, aty­ryň za­ýa­la­nyp ug­ran­dy­gy­ny bil­me­giň bir­nä­çe usuly bar.
Ula­ny­lyş möh­le­ti­niň geç­me­gi. Il­ki bi­len saý­lan aty­ry­ňy­zyň ula­ny­lyş möh­le­ti­ne üns ber­me­li. Köp­ler ýe­ňil ys­ly aty­ry go­wy gör­se, kä­bir adam­lar agyr ys­la­ry ha­la­ýar­lar. Şeý­le-de, gül­ler­den ýa­sal­ýan atyr­la­ry ha­la­ýan­lar hem az däl. Haý­sy gör­nüş­de atyr saý­lan­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bel­lik­de gör­ke­zi­len se­ne­ler ara­ly­gyn­da ulan­ma­ga üns ber­me­li.
Reň­ki­niň üýt­ge­me­gi. Za­ýa­la­nan atyr köp­lenç reň­ki­ni üýt­ged­ýär. Aty­ryň reň­ki­niň ga­ral­ma­gy ýa-da çüý­şä­niň için­de bu­guň eme­le gel­me­gi ys be­ri­ji­niň za­ýa­la­nan­dy­gy­nyň ala­ma­ty­dyr. Za­ýa­la­nan aty­ryň reň­ki köp­lenç ga­ral­ýar ýa-da sa­ry bol­ýar.
Ýalňyş ýerde saklanmagy. Parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri­niň ýa­ram­ly­lyk möh­le­ti adat­ça 3 ýyl­dan 5 ýy­la çen­li. Şeý­le-de bol­sa, parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri­niň nä­hi­li ýag­daý­da sak­la­nýan­dy­gy ys be­ri­ji­le­riň ula­ny­lyş möh­le­ti­ne tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Aty­ry Gün şöh­le­si­niň düş­ýän ýe­rin­de, otag tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň üýt­gäp dur­ýan ýe­rin­de ýa-da çyg­ly ýer­ler­de sak­la­ma­ly däl. Aty­ry ýal­ňyş ýer­de, üýt­gäp du­ran şert­de sak­la­mak çalt za­ýa­lan­ma­gy­na tä­sir ed­ýär.

Aty­ry nä­hi­li sak­la­ma­ly?
Parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri­ni ga­raň­ky we sal­kyn ýer­de sak­la­ma­ly. Açy­lan aty­ry 18 aý ula­nyp bol­ýar. On­dan soň­ra aty­ryň kö­pü­si ysy­ny ýi­ti­rip baş­la­ýar. Her ge­zek ula­ny­lan­dan soň aty­ryň ga­pa­gy­ny berk ýap­ma­ly. Ham­mam­da atyr sak­la­ma­ly däl. Aty­ry özüniň ka­gyz gu­tu­syn­da sak­la­mak daş­ky tä­sir­den go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri­ni az-az­dan sa­tyn al­ma­ly. Bir­ba­da bir­nä­çe atyr ulan­mak, ys be­ri­ji­le­riň çalt za­ýa­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Iň go­wu­sy ha­la­ýan aty­ry­ňyz­dan bir-iki sa­ny­sy­ny sa­tyn alyp, çalt-çalt­dan çal­şyp dur­mak­dyr.