Ýalňyşlyklar we kemçilikler durmuşda adama köp zady öwrenmäge, özüňi kämilleşdirmäge ýardam berýär. Ýalňyşlyklar adamy taplaýar we güýçlendirýär. Ýalňyşlyk goýbermek adamyň ejizlemegi ýa-da kemçiligi bolman, onuň täze zatlary öwrenmeginiň we kämil şahsyýet bolup ýetişmeginiň açarydyr. Megerem, durmuşda ýalňyşlyk goýbermedik ynsan ýok bolsa gerek. Geliň, durmuşda goýberilýän käbir säwliklere göz aýlalyň!
Özüňi tanamazlyk. Ýalňyşlyklaryň köpüsi köplenç özüňi tanamazlykdan goýberilýär. Kimdir biriniň göwnüne degilýär, äsgermezçilik edilýär. Özüňi üýtgeşik hasaplap, berilýän öwüt-ündewler diňlenilmeýär. Käte ýeke galyp, özüň barada pikir ýöretmeli. Öz başarýan we başarmaýan zatlaryňy saýgarmaly. Kim bilen nähili özüňi alyp barýandygyň barada pikirlenmeli. «Özüni tanan weli» diýlişi ýaly, özüňi tanamak özgelere hormat goýmaga, özüňi kämilleşdirmäge we bagtly durmuşa ýetmäge mümkinçilik berýär.
Başgalara düşünmezlik. Daş-töweregiňdäkiler barada ýalňyş pikir etmek, ýagny olara düşünmezlik goýberilýän ýalňyşlyklaryň ýene biridir. Ýakynlaryňa, dostlaryňa, bile işleýän kärdeşleriňe düşünjek bolmaly. Olaryň hal-ýagdaýyny soramaly, olar bilen gowy gatnaşykda bolmaly. Iş ýüzünde ýa-da şahsy bähbitler üçin töweregiňdäkileriň ýagdaýyna düşünmän, göwnüne degmeli däl. Islendik zadyň sebäbiniň bolşy ýaly, ilki wakanyň ýa-da ýüze çykan ýagdaýyň anygyna ýetmeli. Başgalara düşünmek we olaryň hal-ýagdaýyny soramak adamlary ysnyşdyrýar, birek-birege bolan hormaty artdyrýar.
Köpçülige goşulmazlyk. Köpçülikden özüňi uzakda tutmak halanylmaýan häsiýetleriň biri bolup, adam ýeke galyp köp zady ýitirýär. Esasan hem, şol bilýän zatlaryň bilen ýaşamak adamyň köp ýalňyşlyk goýbermegine sebäp bolýar. Köpçülige goşulmak, olardan täze zatlary we edim-gylymlary öwrenmek, köpçüligiň terbiýesini almak ýalňyşlyklary düzetmegiň hem-de kämilleşmegiň iň gowy usulydyr.
Duýgulara aşa bil baglamak. Köpler hyýaly dünýäde arzuwlary bilen ýaşamagy gowy görýär. Hyýalyndaky zatlara garaşýar, şolary ýerine ýetirip görjek bolýar. Duýgulara aşa bil baglamak köplenç yzyna gaýtaryp bolmajak ýalňyşlyklara sebäp bolýar. Duýguçyl bolmak adamyň saglygyna hem täsirini ýetirýär. Şol sebäpli duýgulary hakykat bilen baglanyşdyrmaga endik etmeli.
Maşgala gurmakdan saklanmak. Bilermenleriň bellemegine görä, ýaşlaryň aglaba bölegi nikalaşmakdan gorkýar. Bu ýerliksiz gorky ýekelige öwrenişmek bilen bagly bolup, kimdir birine baglanýarsyň, erkinligiň eliňden gidýär diýen ýalňyş düşünjeleriň döremegine sebäp bolýar. Maşgala gurmak adamy geljege ruhlandyrýar. Maşgala adamyň öýi we ojagy bolup, bu mukaddesligi berjaý etmek her bir ynsanyň borjy hasaplanýar.
Söýginiň nämedigini ýatdan çykarmak. Söýmeýän adamlar durmuşda köp ýalňyşlyk goýberýär. Söýgi ata Watandan, ene toprakdan başlap, özüňden bolan zürýatlaryňa çenli dowam edýär. Ýagny Watana söýgi, ata-eneňe söýgi, durmuşa söýgi, ýakynlaryňa söýgi… Adam durmuşa söýgi bilen seredende özüni has bagtly duýýar. Işleri rowaçlanyp, täze üstünliklere ýetýär.