Ýabany tebigatda janly-jandarlaryň 9 million töweregi görnüşi ýaşaýar. Şolaryň arasynda maýmynlar daşky keşbi we hereketleri bilen adamlaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Ýer ýüzünde maýmynlaryň 160-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Agaçda ýaşaýan bu jandarlar adamsypat maýmynlar we primatlar diýen iki uly topara bölünýär.
Maýmynlaryň «atelidae» maşgalasyna degişli alouatta maýmynlary güýçli sesi bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Gykylykçy maýmynlar iýmitlenmek, birek-birek bilen habarlaşmak üçin çirkin ses çykarýarlar.
Meksikadan Demirgazyk Amerika çenli aralykdaky tokaýlarda ýaşaýan bu maýmynlaryň göwresi kiçijik bolup, ujy egrelip duran uzyn guýrugy bar. Guýrugy bilen agaçlara ýapyşyp bilýän bu maýmynlar sary, gara, goňur reňkde bolýarlar. Agramy 5-11 kilogram aralygynda bolup, boýy 50-70 santimetre ýetýär.
Topar bolup ýaşaýan bu maýmynlaryň sesini 5 kilometrden eşidip bolýar. Gykylykçy maýmynlaryň her toparynda 10-15 agza bolup, her topar 20-30 gektar meýdan aralygynda ýaşaýarlar. Bu maýmynlaryň öz aralaryndaky düzgüne görä, bir toparyň ýaşaýan meýdanyna beýleki topara girmek gadagan edilýär.
Alouatta maýmynlary islendik möwsümde köpelip bilýärler. Bu maýmynlarda her jübütde bir çaga maýmyn bolup, ene maýmyn çagasyny 12 aý süýt bilen ekleýär. Kiçijik maýmynjyk 3 ýaşynda kämillik ýaşyna ýetýär. Alouatta maýmynlary 20 ýyl töweregi ýaşaýar. Ösümlikleriň köpelmegine ýardam edýän bu jandarlar miwedir ösümlikleriň tohumy, ýapraklar bilen iýmitlenýärler.