Kolumbiýa uniwersiteti Amerikanyň iň gymmat ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu ýerde 4 ýyllyk okuwyň bahasy 514 müň dollara barabar. CNBC web saýtynyň maglumatlaryna görä, amerikan uniwersitetlerinde okuwyň bahasy soňky 60 ýylda üç esse ýokarlanyp, ýylda ortaça 17,7 müň dollara ýetdi. Ýöne iň abraýly okuw edaralarynda bahalar has ýokarydyr.
Bakalawr derejesini almak bilen dört ýyllyk okuwyň bahasy boýunça ilkinji onluga şular girýär:
Kolumbiýa uniwersiteti – Nýu-Ýork. (514,442 müň dollar)
Nýu-Ýork uniwersiteti – Nýu-Ýork. (497,402 müň dollar)
Jorjtaun uniwersiteti – Waşington, DS (472,817 müň)
Garward uniwersiteti – Kembrij, Massaçusets. (472, 027 müň dollar)
Kaliforniýa tehnologiýa instituty – Pasadena, Kaliforniýa. (458,330 müň dollar)
Günorta Kaliforniýa uniwersiteti – Los -Anjeles (457,650 müň dollar)
Çikago uniwersiteti – Çikago (455,257 müň dollar)
Jorj Waşington uniwersiteti – Waşington DC. (454,377 müň dollar)
Ýel uniwersiteti – Täze Hawen, Konnektikut (451,516 müň dollar)
Massaçusets tehnologiýa instituty – Kembrij, Massaçusets (441,948 müň dollar)
Bu mukdar bilim hyzmatlaryny, kampusda ýaşaýyşy, iýmiti we beýleki tölegleri öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, hakykatda talyplaryň çykdajylary mundan hem ýokarydyr.