Ge­og­ra­fik at­la­ra kar­ta­lar­da, poç­ta sal­gy­la­ryn­da, ga­zet ma­ka­la­la­ryn­da, gür­rüň­ler­de köp ga­bat ge­lin­ýär. Ol bi­ze du­ran ýe­ri­mi­zi anyk­la­ma­ga, ug­ru­my­zy kes­git­le­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ge­og­ra­fik at­la­ryň ma­ny­sy­ny, ge­lip çy­ky­şy­ny we öz­ge­ri­şi­ni to­po­ni­mi­ka yl­my öw­ren­ýär. To­po­ni­mi­ka (ge­rek­çe­den τόπος (to­pos) – ýer we оνομα (ōno­ma) – at) ýer­le­riň ge­og­ra­fik at­la­ry­ny, ola­ryň ösü­şi­ni, hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny, ýa­zy­ly­şy­ny we aý­dy­ly­şy­ny öw­ren­ýän ylym­dyr. Ol bi­te­wi yl­my ders bo­lup, ge­og­ra­fi­ýa, ta­ryh we ling­wis­ti­ka ýa­ly üç yl­myň sep­gi­din­de ýer­leş­ýär.
To­po­ni­mi­ka ge­og­ra­fi­ýa bi­len mä­käm bag­la­ny­şyk­ly­dyr: ýer-ýurt at­la­ry hem şol ýe­ri aý­dyň göz öňü­ne ge­tir­mä­ge, öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şüb­he­siz, to­po­ni­mi­ka ta­ryh bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Halk­lar gö­çüp gid­ýär, ola­ryň or­nu­na ge­len­le­re bol­sa, ýer­le­riň, dag­la­ryň, der­ýa­la­ryň, köl­le­riň ady ýa­dy­gär gal­ýar. Ge­og­ra­fik at­la­ryň ag­la­ba kö­pü­si şol dö­wür­ler­de bo­lup ge­çen ta­ry­hy wa­ka­lar­dan ha­bar ber­ýär. To­po­ni­mi­ka­nyň özi bol­sa, has giň ge­rim­li ylym – ono­mas­ti­ka­nyň bir pu­da­gy bo­lup, ol dil we at­la­ryň ge­lip çy­ky­şy ba­ra­da­ky yl­ma gir­ýär. To­po­ni­mi­ka – haý­sy­dyr bir çäk­dä­ki at­la­ryň je­mi­dir.
To­po­nim­le­r şu­nuň ýa­ly
synp­la­ra bö­lün­ýär:
Oý­ko­nim – ilat­ly ýe­riň ady (grek­çe oi­kos – öý, me­kan, mes­gen, ýurt), gid­ro­nim – suw ob­ýekt­le­ri­niň ady (grek­çe hyd­ros – suw), oro­nim – da­gyň, be­lent­li­giň ady (grek­çe oros – dag), ur­ba­no­nim – şä­her için­dä­ki ob­ýekt­le­riň ady (la­tyn­ça ur­ba­nus – şä­her), go­do­nim – kö­çä­niň ady (grek­çe ho­dos – ýol, ugur, kö­çe, akym), ago­ro­nim – meý­dan­la­ryň ady (grek­çe ago­ra – meý­dan), dro­mo­nim – ara­gat­na­şyk ýol­la­ry­nyň ady (gerk­çe dro­mos – yl­gaw, he­re­ket, ýol), mak­ro­to­po­nim – ýa­şaý­jy­syz uly ob­ýekt­le­riň ady (grek­çe mak­ros – uly), mik­ro­to­po­nim – ýa­şaý­jy­syz ki­çi ob­ýekt­le­riň ady (grek­çe mik­ros – ki­çi), ant­ro­po­to­po­nim – şah­sy at­lar­dan dö­rän ge­og­ra­fik ob­ýekt­le­riň ady (grek­çe ant­ro­pos – adam).

Taý­ýar­lan Azym Tu­gu­row,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik–gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.