Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmegi boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek babatda ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Bu strategik ähmiýetli halkara ugruň häzirki şertlerde dikeldilmegi baş wezipe hökmünde kesgitlenen ýurdumyzda ulag diplomatiýasy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine, täze ulag geçelgeleriniň döredilmegine, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagyna gönükdirilýär. Ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän iri halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň biri hem «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi taslamasydyr. Bu ylalaşygyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi golaýda geçirilen Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz bu duşuşykda bu iri hem-de sebit üçin möhüm taslamanyň ilerledilmegi babatda birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Milli Liderimiziň bu başlangyçlary Azerbaýjanyň hem-de Owganystanyň Prezidentleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz bitewi logistika merkezini döretmek, nyrhlary ýeňilleşdirmek, gümrük gulluklarynyň işini has-da işjeňleşdirmek babatda ýörite programmalaryň ulanylmagyny ýola goýmak, ilkibaşda üç ýurduň – Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň arasynda ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak babatdaky başlangyçlary uly gyzyklanma döretdi.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň VII maslahatynyň (RECCA VII) çäginde Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilipdi. Bu multimodal ulag geçelgesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gysga döwürde gurlup, ulanylmaga berlen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Kerki-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) hem-de durky täzelenen Serhetabat-Turgundy demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatdaky hem-de welaýatlarymyzdaky döwrebap howa menzilleri, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, ýokary tizlikli awtomobil ýollary we durmuşa geçirilýän beýleki ulag taslamalary Türkmenistanyň halkara ulag-aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Biziň ýurdumyz «Lapis Lazuli» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Ýük akymlaryny ep-esli tizleşdirmäge we haryt öndürijilerden sarp ediş bazaryna çenli aralygy gysgaltmaga mümkinçilik berýän bu taslama boýunça 2018-nji ýylyň noýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda «Lapis Lazuli» ugry boýunça ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty hem geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň dekabrynda owgan harytlary ýüklenen ilkinji synag ulag kerweni «Lapis Lazuli» geçelgesi boýunça ilkinji gatnawyny amala aşyrdy. Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesi ugurdaş bilermenleriň pikirine görä, Aziýa yklymy üçin has wajyp birnäçe ykdysady meseleleri çözmek üçin ähmiýetli bolup durýar. Munuň özi sebitde önümçiligiň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Bu aýratyn hem, Owganystanyň ykdysady taýdan galkynmagyna oňyn täsirini ýetirer. Biziň ýurdumyz dostlukly döwlete hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň çäklerinde iri taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary bar.
Ezizmuhammet ATDAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
mugallymy.