Teatr sungatynyň dili blen aýdanyňda «Sahna – mukaddes ýer». Sahnada ýasama hereketiň ýol almaýar, oňa tomaşaçy ynanmaýar. Muňa her bir artist hem aňryýany bilen düşünýär. Tomaşaçy keşpleri ýerine ýetirýän artistlerden öz durmuşynda gabat gelen ýa-da gelip biläýjek wakalary synlaýar, şol keşplerden özünde bar bolan gowy häsiýetleriň artykmaçlyklaryna düşünýär, kemter gaýdýan taraplaryny kellesinde aýlap görüp, ony düzetmegiň çäresini görmelidigine göz ýetirýär. Şeýlelikde, tomaşaçy gowy häsiýetleri bilen çykyş eden gahrymanyň bolşuny synlap «Menem şeýle adamlaryň hatarynda bolaýsamdym» diýen pikiri öz aňyna guýup, ruhy şat bolýar.
Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artistleriň ençemesi zähmet çekýär. Teatr 1938-nji ýylda açylyp, onda ussat halypalar özleriniň mynasyp yzlaryny goýdular. Olaryň içinde dürli hili keşplere girip, şol keşpdäki gahrymanlaryň gepi-sözi, hereketleri bilen imrindirip, öz tomaşaçylaryny ökdelik bilen «yzyna düşürip» bilýän artistler az däl. Şeýle artistleriň biri hem indi otuz bäş ýyl bäri şu teatryň gapysyndan girip-çykyp ýören Nurbibi Nazarowadyr. Nurbibi 1959-njy ýylyň bahar paslynda, Murgap etrabynyň Ata Salyh geňeşliginde dogulýar. Ol mekdep ýyllarynda aýdym-saz gurnagyna işeňňir gatnaşýar. Mekdepde geçirilýän çärelerde, baýramçylyklarda aýdýan aýdymlaryny şol aýdymlara kybap hereketler bilen bezäp çykyş edýär. Onuň aýdýan aýdymyny hereketleri bilen gelşirip, bezäp bilşine tomaşaçylar guwanmak bilen syn edýärler. Ýaşlykda näme, her bir hereketiň şowuna düşäýýärmi?! Bir gezek aýdym aýdyp duran pursaty bir möjejik gelip onuň egnine gonýar. Ol aýdymyň arasynda kakynjyraýar. Şonda ol säginjiräp, aljyrap, sepini bildirmän, özüniň köp aýdyp ýören «Gözel sumbaryň nary» aýdymyna geçip gidýär. Sazandalar hem bu ýerde Nurbibiniň ýagdaýyna dogry düşünip, sazlaryny aýdylýan aýdymyň heňine görä sazlaşdyryp goýberýärler. Şeýlelikde, ol bir zarpda iki aýdymy ýerine ýetirmeli bolýar.
Onuň başarjaňlyk bilen eden bu hereketlerini synlan mugallymlary, deň-duşlary oňa «Geljekde sen artist bolarsyň» diýipdirler. Nurbibi olaryň ynamyny ýalana çykarmady. Mekdebi gutarandan soň, ilki 1976-njy ýylda Aşgabatdaky Gara Seýitliýewiň adyny göterýän Medeni aň-bilim tehnikumyna gaýybana okuwa girýär. Ony tamamlandan soňam 1979-njy ýylda Daşkendiň A. N. Ostrowskiý adyndaky teatral çeperçilik institutyna okuwa girýär. Nurbibi talyplyk döwründe «Baý we batrak», «Elwan ýaglykly serwim», «Ölüm howpy abananda» atly spektakllarda dürli hili keşplerde oýnaýar. Mugallymy Mihail Fatdakowyň oňa göwni ýetýär. Şeýle-de, oňa sahnada öz ornuny tapjakdygyna uly ynam bildirýär. Nurbibi 1984-nji ýylda «Sazly komediýa artisti» diýen hünäri alýar. Şol ýyl ol Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artist bolup işe başlaýar.
Otuz bäş ýyl. Bu ynsan ömrüniň uly bölegi. Bu döwürde ol birnäçe oýun goýujylar bilen işleşdi. Bu ugurda köp ýyllyk tejribesi bolan halypa artistler bilen pikir alşyp, sahnada keşp döretmegiň tilsimlerini öwrendi. Indi bolsa onuň özi halypalyga ýetişip, ýaşlara öz tejribesini öwredýär. Ol N. Jumaýewiň «Bähbit Pälwan» oýnunda Mahmalyň, G. Muhtarowyň «Ajaýyp tebip» oýnunda Zulman kempiriň, T. Jumageldiýewiň «Gyz gaçanda» oýnunda Bibiniň, B. Gurbanowyň «Tilki dostlugy» oýnunda Tilkiniň, H. Bäşimowyň «Ýigidiň daýysy bar» oýnunda Dursunyň, A. Hojamyradowyň «Gyrat» oýnunda Zulman kempiriň, «Öwez öýlenen» oýnunda Hopnyşan kempiriň, G. Nazarowyň «Mülk» oýnunda Geregiň, «Jygaly begiň zürýatlary» oýnunda Gülaýymyň, Ö. Galandarowyň «Bildiriş» oýnunda Aknabadyň, A. Allanazarowyň «Tilkiniň doglan güni» oýnunda Tilkigülüň, B. Abdyllaýewiň «Tereke» oýnunda Güljemalyň, D. Oraýewiň «Leýli-Mežnun» oýnunda Torgaý guşuň, B. Suhanowyň «Ýusup-Züleýha» oýnunda Hrynanyň, N. Rejepowyň «Halal hazyna» oýnunda Hajar bibiniň, G. Daňatarowyň «Mälik şa» oýnunda Edalynyň, «Söýgi bizi halas eder» oýnunda Ojanyň, «Tekepbir gyz» oýnunda Enesiniň, «Heýkeller hem ykballar» oýnunda Enäniň, Ç. Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» oýnunda Heseliň ejesiniň, G. Kakabaýewiň «Gumly gelin» oýnunda Owlagyň, G. Nazarowyň «Bir bakyşda» oýnunda Gül ejäniň keşplerini ökdelik bilen oýnamagy başardy. Onuň dürli temalardan döreden biri-birinden tapawutly keşpleri sanardan köp bolup, biri-birine meňzemeýär. Agzalan oýunlardaky gahrymanlaryň hersi bir kakuwda hereket edýär. Nurbibi «Gyratda» her hili haýýarlyklardan başy çykýan Zulman kempiriň hakyky bolşy ýaly hereket etse, «Ýusup-Züleýhada» özüniň gyrnaklygyna garamazdan, tomaşaçyny begendirip hereket edýän şadyýan Hrynanyň keşbinde çykyş edýär. Onuň oýnan oýunlarynyň köpüsinde tomaşaçylar üçin ynandyryjylygyny gazanmakda oýun goýujy režissýorlar bu artistiň güýjüne has köp bil baglaýarlar. Oýunlaryň dowamynda başdan-aýak bolmasa-da, agramly ýerlerinde hereket edýän gahrymanlaryň keşpleri oňa ynanylýar. Ol her bir artiste başardybam duranok. Beýle ynama girmek üçin öz edýän işiňe köp zähmeti siňdirmegi başarmaly. Bu artist baradaky pikirini bilmek üçin teatryň ýolbaşçysy, belli režissýor Ata Gullarow beren soragymyza ol şeýle jogap berdi.
– Nurbibi daýzamyz teatrymyzda iň tejribeli artistlerimiziň biri. Ol indi biregne otuz bäş ýyl bäri şu teatryň gapysyndan girip, çykyp ýören artist. Nurbibi bilen işleşmek şeýle gowy. Ol özüniň şol täze keşbinde şol keşbe girýänçä režissýorlara kän-kän sorag berýär. Öz keşbiniň psihiki, fiziki aň-düşünjesini ölçerýär. Şeýlelik bilen keşbini timarlaýar, öwrenýär. Eger sahnadaky keşbi ene bolsa, sahnada Nurbibi däl-de «Ene» bolup, gözüni püre-pür ýaşardyp, soň tomaşaçyňam agysyny, gözýaşyny getirip dur. Gülküli keşbinde bolsa ol men güldüreýin diýmeýär. Özi gülmeýär, ýöne tomaşaçy gülüp, hezil edip, el çarpyp dur. Öz tomaşaçysyny gazanyp bilen halypa artistlerimiziň biri. Dogrymy aýtsam Nurbibä tebigy zehin berlipdir.
Ol belli režissýorlar Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Çary Myradow, Aman Kömekow, Çary Mommadow, şeýle-de režissýorlar Täçmämmet Mämmetweliýew, Gurban Hotjyýew, Ata Gullarow, Akynazar Hommyýew dagynyň goýan oýunlarynda dürli hili keşpleri döretdi.
1970-80-nji ýyllarda teatr sahnasynda çykyş eden irki artistlerdenem köp zatlary öwrendi. Üstünlik – çekilen zähmetiň üstünden gelýär. Biziň bu artistimiz okaýar, öwrenýär, özüne tabşyrylan keşbiň hötdesinden gelmek üçin öz zähmetini gaýgyrmaýar. Sahnada Nurbibi bilen bile çykyş etmek barada Türkmenistanyň at gazanan artisti N. Mollaýewa şeýle diýdi:
– Nurbibi bilen çykyş etmegi her bir artist arzuw edýär. Sebäbi ol seň gözleriňe seredip, seni keşbiňe salýar. Saňa kömek edýär. Ömri uzak bolsun! Nurbibi keşbini döredip, şol keşbinde ýaşaýan artist.
Her artistiň özboluşly häsiýetleri bolýar. Bu artisti tomaşaçylar «Gülki paýlaýan artist» hökmünde tanaýarlar. «Iş bitirseň, il tanar» diýleni. Nurbibi Nazarowanyň çeken zähmeti göz öňünde tutulyp, 2009-njy ýylda oňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. 2008-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän kaşaň, owadan jaýy, owadan sahnasy, owadan tomaşa edilýän zaly bar. Onda tomaşaçynyň ünsüni egleýän täsin oýunlar goýulýar. Şol goýulýan oýunlarda Nurbibi Nazarowa öz halkyna hyzmat edip, tomaşaçylary begendirýändigine, bu ugurda öz zähmetiniň bardygyna guwanýar. Şeýle hem ol bu ugurda medeniýete, sungata uly sarpa goýýan Arkadag Prezidentimiziň özleri üçin edýän aladasynyň uludygyny ýatlamak bilen, dürli hili keşpleri döretmegiň aladasyndadygyny joşgun bilen aýdýar.
Baýramdurdy Myradow,
Mary welaýatynyň
Mary etrabynyň ýaşaýjysy.