Dünýä belli amerikan aýdymçysy Teýlor Swift häzirki wagtda Ýewropa ýurtlarynda konsert berýär. Aýdymçy şu aý Germaniýada üç konsert berer. Ýaş aýdymçynyň konsert berjek şäherleriniň arasynda Gelzenkirhen hem bar. Swifte hormatyň nyşany hökmünde şäheri ady wagtlaýynça “Swiftkirchen” diýlip üýtgedildi. 34 ýaşly owadan zenan bu şäherde 17-sine, 18-ne we 19-na çykyş eder.
Aleşani Westhoff atly Swiftiň muşdagy “Swiftkirchen” adyny şäheriň ýerli häkimiýetiniň başlygy Karin Welgä teklip etdi. Birnäçe hepde ozal bolsa, şäheriň adyny wagtlaýyn üýtgetmek üçin gol çekmek kampaniýasy başladyldy. Netijede şäher merkezinde “Swiftkirchen” diýlip ýazylan tagta peýda boldy. Şeýle tagtalar şäheriň beýleki gelim-gidimli ýerlerinde hem goýlar. Ululygy boýunça ýurduň 25-nji şäheri bolan Gelzenkirheniň golaýynda öňki ýyllarda kömür çykarylypdyr. Şäherde futbol ösen bolup, birnäçe klub bar. Olardan “Şalke 04” has meşhurdyr. Şäheriň uly stadiony halkara konsertleri geçirmek üçin uly mümkinçilik berýär.
Aýdymçy Gelzenkirhenden soňra Amsterdamda üç, Sýurihde iki konsert berer.