10-njy iýulda Beýik Britaniýanyň täze Ministrler Kabinetiniň ilkinji iş ýygnagy Premýer-ministr Kir Starmeriň ýolbaşçylygynda Dauning-stritde geçirildi.
Täze hökümetde zenanlaryň rekord sany – 25 portfelden 11-si zenanlaryň ygtyýarynda jemlenip, olaryň arasynda Premýer-ministriň orunbasary, içeri işler ministri we Beýik Britaniýanyň taryhynda ilkinji zenan maliýe ministri göze ilýär. Şeýle hem, leýboristler (zähmetkeş) hökümetiň düzüminde döwlet mekdeplerinde bilim alan ministrleriň sanyny rekord derejede artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde, çepçiler 14 ýyl oppozisiýada bolansoň, täze ministrleriň döwlet dolandyryşynda tejribesi az.
Uly şäherleriň köpüsiniň häkimleri Zähmet partiýasynyň ýolbaşçysy Kir Starmer bilen duşuşykda olara ýerli dolandyryşyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmegi wada berdi. Ministrler Kabinetiniň çözmeli köp meseleleriniň arasynda – ykdysadyýeti höweslendirmek, saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek we hökümete bolan ynamy dikeltmek ýaly meseleler bar.
Zähmet partiýasynyň lideri Kir Starmer 4-nji iýulda Beýik Britaniýada geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň ýurduň Koroly Karl III tabşyrygy bilen täze Ministrler Kabinetini düzdi.
Zähmet partiýasy 650 orunlyk parlamentde 410 orun bilen absolýut köplüge eýe boldy.