Sag­dyn bol­mak üçin esa­sy şert­le­riň bi­ri hem, ka­da­ly, aras­sa iý­mit­len­mek we fi­zi­ki taýdan iş­jeň ýag­daý­da bol­mak­dyr. Sag­dyn iý­mit­len­mek süý­jü­li dia­bet­den, ýü­rek-gan da­mar ke­sel­le­rin­den, in­sult­dan hem-de beý­le­ki ýo­kanç däl ke­sel­ler­den adam be­de­ni­niň go­ra­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Bü­tin dün­ýä­de ilat ara­syn­da se­miz­li­giň we ar­tyk­maç ag­ra­myň gör­ke­zi­ji­le­ri art­ýar. Munuň öňü­ni al­mak üçin iý­ýän iý­mi­ti­mi­ze aý­ra­tyn üns ber­me­li­di­ris. Her gün möw­süm­le­ýin biş­ýän ter gök önüm­le­ri, mi­we­le­ri köp­räk iý­me­li hem-de iý­mi­tiň dü­zü­mi­ne kö­sük­li, dä­ne­li önüm­le­ri, ma­ňyz­la­ry goş­ma­ly. Kö­sük­li­ler we ma­ňyz­lar ösüm­lik be­lok­la­ry­nyň esa­sy çeş­me­si­dir. Ra­fi­nir­le­nen krah­ma­lyň, şe­ke­riň, ýag­la­ryň we du­zuň ula­nyl­ma­gy­ny iý­mi­tiň dü­zü­min­de müm­kin bol­du­gyn­dan azaltmaly. Iý­mit re­je­sin­de be­lok­lar, ýag­lar we ug­le­wod­lar 1: 1:4 gat­na­şyk­da bol­ma­ly. Se­bä­bi ýag­lar öý­jük gur­lu­şy­na, de­ri ör­tü­gi­niň sag­ly­gy­na, kä­bir wi­ta­min­le­riň öz­leş­me­gi­ne we iý­mit­den ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­nyň eme­le gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär­ler. Doý­gun däl ýag­la­ryň doý­gun we tran­si­zo­mer­li ýag­lar­dan peý­da­ly­dy­gy­ny her bir adam, esa­san hem, öý bi­ke­le­ri bil­me­li­dir­ler. Doý­gun däl ýag­lar, ýag­ny ba­ly­gyň, ma­ňyz­la­ryň, gü­ne­ba­ka­ryň, zeý­tu­nyň ýa­gy sag­dyn iý­mit­len­me­giň bir bö­le­gi­dir.
Etdäki we mes­ge­dä­ki ýag­lar doý­gun ýag­lar­dyr. Bu­la­ry iý­mit­de çäk­len­dir­me­li. Mes­gäni hü­när­men­le­riň, ýag­ny ber­hiz luk­man­la­ry­nyň mas­la­hat ber­ýän kes­git­li muk­da­ryn­da ulan­ma­ly. Dü­zü­min­de ýag bol­ma­dyk et bö­lek­le­ri­ni ulan­ma­ly. Iý­mi­tiň dü­zü­mi­ne ba­lyk hök­man go­şul­ma­ly­dyr. Ba­lyk be­lo­gyň, wi­ta­min­le­riň we ome­ga-3 doý­gun däl tur­şu­la­ryň çal­şy­ryp bol­ma­ýan çeş­me­le­ri­ne de­giş­li­dir.
Önüm­ler so­wa­dy­jyda saklan­ma­lydyr. Öý­de ta­gam­la­ry ýy­gy-ýy­gy­dan, gerekli muk­dar­da taý­ýar­la­ma­ly. Iý­mit önüm­le­ri­niň ha­çan ön­dü­ri­len­di­gi we sak­la­nyş möh­le­ti ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry oka­ma­gy en­dik edin­me­li. Gü­nüň do­wa­myn­da azyn­dan 30 mi­nut fi­zi­ki taýdan iş­jeň ýag­daý­da bol­ma­ga ça­lyş­ma­ly.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň
Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi.