Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň finaly 14-nji iýulda, ýagny ýekşenbe güni ýarygijede (00:00) başlanar. Berlindäki 71 müň orunlyk (çempionat üçin) “Olympiastadion”-da oýnaljak finalda Ispaniýa bilen Angliýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Duşuşykda fransiýaly emin Fransua Leteksie jürlewük çalar.

Ispaniýa 4-nji, Angliýa ilkinji çempionlygyny isleýär

Ispaniýanyň ýygyndysy 5-nji, Angliýanyň ýygyndysy 2-nji gezek finalda çykyş eder. Ispaniýanyň ýygyndysynyň 3 çempionlygy bolup, Angliýanyň ýygyndysyna entek yklym ýaryşynyň ýeňşi miýesser etmedi. Ispaniýa 1964-nji, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda çempionlyk gazanyp, 1984-nji ýylda-da ýeňlipdi. Bassyr 2-nji gezek finala çykan Angliýanyň ýygyndysy mundan 3 ýyl öň Londonda oýnalan finalda Italiýadan asgyn gelipdi.

Öňki duşuşyklarda iňlisler öňde

Ispaniýa bilen Angliýanyň ýygyndysy şu finala çenli özara 27 duşuşyk geçirdiler. Şolarda Ispaniýa 10 gezek ýeňiş gazanan bolsa, Angliýa 13 duşuşykda üstün çykmagy başardy. 4 duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Ispanlaryň 32 goluna iňlisler 45 gol bilen jogap berdiler.

Iki topar Ýewropa çempionatynyň çäginde 3-nji gezek duşuşarlar. 1980-nji ýylda toparçalardaky oýunda Angliýa Bruking hem-de Wudkogyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňipdi. Ispaniýa bilen Angliýanyň ýygyndysynyň yklym ýaryşyndaky 2-nji duşuşygy 1996-njy ýyldaky ýaryşda hasaba alyndy. Angliýada geçen çempionatyň çärýek finalynda duşuşan toparlaryň şol oýnunda esasy hem-de goşmaça wagtda hasap açylmandy. Netijede, penaltilerde Angliýa 4-2 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykypdy.

Iki toparyň Dünýä Kubogynda-da özara 2 duşuşygy bolup, 1950-nji ýylda toparçalarda Ispaniýa 1-0 hasabynda ýeňipdi. 1982-nji ýylda ýene-de toparçalardaky oýun golsuz deňlikde tamamlanypdy.

Iki topar UEFA Milletler Ligasynda-da 2018-nji ýylda 2 duşuşyk geçirdi. Bu olaryň arasyndaky şu finala çenli geçirilen soňky duşuşyklar bolup, Ispaniýa Londonda 2-1 ýeňse, Angliýa Sewilýada 3-2 hasabynda ýeňipdi.

Angliýa ýeňse…

Final duşuşygynda Ispaniýa ýeňiş gazansa, onda olar 4-nji çempionlygyny baýram eder. Bu bolsa rekorda deň diýmekdir. Angliýanyň ýygyndysy ýeňse, bu olar üçin yklym ýaryşyndaky ilkinji çempionlyk bolar. 1996-njy ýylda özlerindäki çempionlygy Germaniýa aldyran iňlisleriň 28 ýyldan soň Germaniýadan kubok bilen dolanmak mümkinçiligi bar.