Geçen ýyl global mikroçip eksportynda öňdeligi Gonkong, Taýwan, Singapur, Hytaý we Günorta Koreýa eýeledi. Bu barada BMG-niň “Comtrade” platformasynyň hasabatynda aýdylýar. 2023-nji ýylda Gonkong mikroçipleriň esasy eksportçysy boldy we ýylyň dowamynda 193,5 milliard dollarlyk mikroçip bilen üpjün etdi. Ol indi 10 ýyl bäri çip eksportynda dünýäde öňdebaryjy bolup galýar. Ilkinji bäşlige 166,6 milliard dollarlyk haryt eksport eden Taýwan, Singapur (137,9 milliard dollar), Hytaý (136,3 milliard dollar) we Günorta Koreýa (86,1 milliard dollar) girdi. Mikroçipleri import etmekde Hytaý öňdebaryjy bolup, ýylyň dowamynda 350,1 milliard dollarlyk çip satyn aldy.
Maglumatlara görä, Russiýa 2023-nji ýylda 14,5 million dollardan gowrak mikroçip eksport edip, satuwyň mukdary boýunça dünýäde 56-njy orunda durýar. Şunuň bilen birlikde, Russiýanyň importy 437,5 million dollardan gowrak bolup, dünýäde 42-nji orunda durýar.
Ýöne Amerikanyň ýarymgeçirijiler senagat birleşigi (SIA) 2023-nji ýylyň ahyrynda ýarymgeçirijileriň dünýädäki satuwynyň 2022-nji ýylyň rekord ýyly bilen deňeşdirilende 8,2 göterim azalandygyny we 526,8 milliard dollar bolandygyny habar berdi.
Şu ýylyň başynda ABŞ-nyň häkimiýeti ýurtda zawod gurmak üçin ösen ýarymgeçirijileri öndürýän kompaniýalara milliardlarça dollar subsidiýa bermegi meýilleşdirýändigi habar berildi. Maglumatlara görä, 52,7 milliard dollar möçberindäki subsidiýa bazaryň “Intel” we “Taiwan Semiconductor Manufacturing Co” (TSMC) ýaly ägirtleriniň arasynda paýlanar. “Bu, akylly telefonlarda, emeli aňda we beýleki ulgamlarda ulanylýan ösen ýarymgeçirijileriň önümçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berer” diýip, “Wall Street Journal” ýazdy.
Hytaý hem ýarymgeçiriji pudagyny ösdürmek maksady bilen 344 milliard ýuana (47,5 milliard dollar) deň bolan maýa bilen hökümet tarapyndan goldanýan maýa goýum gaznasyny döretdi.