Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň «Pedagogika bilimi (tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýeti)» ugruna talyplyga kabul edýär:
Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşlikleriniň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: pasportyny;
harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Söhbetdeşlikler we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda geçiril ýär.
Söhbetdeşlikler iňlis dili we matematika boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda iňlis we döwlet dillerinde geçiril ýär.
Bellenen wagtda söhbetdeşliklere esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär. Söhbetdeşlikleriň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyl dan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, tel.: 391667.