Ir döwürlerde-de ýurdumyzyň Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda ussat tanymal artistleriňdir režissýorlaryň tagallasy bilen ilhalar spektakllaryň sahnalaşdyryp, talapkär tomaşaçylara hödürlenilýändigi üçin ol iň bir adygan teatr hasap edilýärdi. Muňa teatryň sahnasynda goýlan spektakllara tomaşa etmäge gelýänleriň yzynyň üzülmeýänligi anyk şaýatlyk edýärdi. Şol spektakllarda halypa artistler Suraý, Sona Myradowalar, Sabyr Ataýewa, Mama Babaýewa, Nurjemal Söýünowa dagy bilen bir hatarda Fahriýa Alyýewa hem çykyş edip, özüniň janlandyran keşpleri bilen halkyň aňynda galmagy başaryp, söýgüli artistleriň hataryna goşulypdy.
Fahriýa daýza bilen meniň ilkinji tanyşlygym bu teatrda özbek dramaturgy Seýit Ahmediň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylyp, halk köpçüligine hödürlenen “Gelinleriň gozgalaňy” atly spektakla tomaşa edenimden soň başlanypdy. Fahriýa Alyýewa şol spektaklda eseriň baş gahrymany Permanbibiniň (artist Sona Myradowa) uly gelni Satdynyň keşbini janlandyrypdy. Ýene-de Fahriýa daýzanyň ýazyjy Towşan Esenowanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Gelin gelýär” atly spektakldaky Jowza atly enäniň keşbini janlandyryşy meniň häli-häzirlerem göz öňümden gidenok. Bu eserde iki sany gelnalyjy bir wagonda gelýär. Soňunda gelinler çalşylýar. Şonda Fahriýa daýzanyň ogluna (artist Baýram Kerimow) gaýtawul berjek bolşy sahnadaky bolup geçýän wakany hasam dartgynlaşdyrýar.
Fahriýa daýzanyň özboluşly artistlik ukyby bar. Ol elmydama jogapkärçilik duýup işleýär. Muňa onuň sahnada özüni alyp barşyny, sözleýşini, sahna hereketini ýerine ýetirişini synlanyňda-da anyk göz ýetirýärsiň. Beýik halypalar Alty Garlyýewden, Bazar Amanowdan, Aman Gulmämmedowdan, Myrat Seýitniýazowdan, Muhammet Çerkezowdan we beýleki ussatlardan tälim alan Fahriýa Alyýewanyň özboluşly aýratyn zehini bar. Tebigy zehinli Fahriýa Alyýewa 1922-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlan Fahriýany ene-atasy Aşgabatdaky mugallymlary taýýarlaýan ýöriteleşdirilen okuw mekdebine iberýär. Fahriýanyň sungata bolan höwesi şu okuw jaýyndan başlanýar. Fahriýa bu ýerde drama gurnagyna gatnaşyp, gopuz çalmakda, tans etmekde we aýdym aýtmakda adygyp gidýär.
Sungata bolan höwesi Fahriýany 1936-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatr institutyna alyp gelýär. Ol institutyň teatr we kinoaktýory bölümine resminamalaryny tabşyrýar. Döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen Fahriýany bu okuw jaýyna kabul edýärler. Ýogsam Fahriýanyň ene-atasy gyzlaryny Moskwa ýaly ýat ýerlere okuwa ugratmaga garşy hem bolupdyrlar. Emma ýaş gyzyň kalbynda drama gurnagyna gatnaşyp ýörkä peýda bolan sungata söýgüsi ony öz erkine goýmaýar. Şeýdip Fahriýa ýüreginde beslän maksadyna ýetýär. Okuwyny tamamlap gelensoň, Fahriýany Mollanepes adyndaky teatra işe belleýärler. Ol bu ýerde tä hormatly dynç alşa çykýança, zähmet çekip, birgiden keşpleri döredip, halk köpçüliginiň aňynda galmagy başarýar. Fahriýa daýza türkmen teatr sungaty üçin ýaş hünärmenleriň ösdürip ýetişdirilmegine-de uly goşant goşýar. Ýaşlaryň ençemesi halypa mugallymyň ussahanasynda bilim, terbiýe alýar.
Fahriýa Alyýewa meşhur “Otello” spektaklynda türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutanlaryň biri, halypa artist Aman Gulmämmedow bilen bilelikde keşp janlandyrmak bagty miýesser edýär. Bu eserde Fahriýa Dezdimonanyň, Aman aga bolsa, Otellonyň keşbini ussatlarça döredip, teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.
Fahriýa daýzanyň sahnada döreden keşpleri barmak büküp sanardan kän. Onuň döredijilik ýolunda ýerine ýetiren türkmen we daşary ýurtly dramaturglaryň nusgawy pýesalaryndaky keşpleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Olardan gyrgyz ýazyjysy Ç. Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyran “Elwan ýaglykly selwimdäki” Hatyjasy, B. Amanow bilen G. Burunowyň “Keýmir köründäki” Kümüşi we Enebaýy, G. Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasyndaky” Zybasy we Ýazgüli, B. Kerbabaýewiň “Aýgytly ädimindäki” Maýsasy, H. Derýaýewiň “Ykbalyndaky” Ogulnyýazy, G. Gurbansähedowyň “Azaşan ýigidindäki” Ýelenasy T. Taganowyň we G. Seýitliýewiň “Baky dirilerindäki” Mariýasy, G. Seýitliýewiň “Jahanyndaky” Jahany, G. Muhtarowyň “Şeýtan zurýatlaryndaky” Amangözeli, T. Esenowanyň “Gelin gelýärdaki” Jöwzasy, S. Ahmediň “Gelinleriň gozgalaňyndaky” Satdysy, G. Lorkanyň “Bernard Albanyň öýündäki” eneke Ponsiýasy ýatlamaga mynasyp keşplerdir. Dürli kärdäki, dürli häsiýetdäki ynsanlaryň keşplerini bir-birine meňzetmän janlandyraýmak aňsat iş däl. Ol aktýordan irginsiz işlemegi, ussatlygy talap edýär. Bu keşpler sözüň doly manysynda, teatr sungatynyň, aktýorçylyk mekdebiniň iň nusgawy ýerine ýetirilen keşplerine degişli bolup, taryha girdi. Fahriýa daýzanyň komiki keşplerden başlap, tragiki keşpleri hem çuňňur duýguly ýerine ýetirip, bilýän aktrisadygyny döreden keşplerine syn edip aýdyp bolýar.
Sahnada geçirilen uzak ýyllar Fahriýa daýzany has-da kämilleşdirýär. Hyjuwdan ýaňa syçrap duran gözlere soňluk bilen agraslyk, parasatlylyk aralaşýar. G.Lorkanyň eseri boýunça sahnalaşdyrylan “Bernard Albanyň öýi” atly spektaklda eneke Ponsiýanyň keşbinde Fahriýa daýza öz kalbyndaky enelik mährini doly açyp görkezip bilipdir. Bir görseň, talap ediji eneke, gerek ýerinde-de gyzlaryň öz enelerinden ýakyn hossaryna öwrülýär. Ol mähriban käbäňe, ýakyn hossaryňa çalym edýär. Bu keşpden tomaşaçy mähir susup alýar. Fahriýa Alyýewanyň hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly sesi bar. Ol bir görseň, “Gelin gelýär” spektaklynda zarply çykyp dur, bir görseňem, mährem enäniň labzynda saňa nesihat berýär.
Fahriýa Alyýewa bilen bir sahnada uzak ýyllaryň dowamynda bile işleşen şägirtleriniň biri Türkmenistanyň halk artisti Baýram Kerimow şeýle diýýär:
— Men Mollanepes adyndaky teatra 1965-nji ýylda işe geldim. Şondan başlap hem halypa bilen ençeme spektaklda bile çykyş etdik. Maňa Fahriýa halypa bilen ilkinji gezek Towşan Esenowanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Seniň yşkyňda” spektaklynda keşp janlandyrmak miýesser etdi. Bu spektaklda Fahriýa halypa kolhoz başlygynyň keşbini, men baş keşp Hudaýberdiniň keşbini janlandyrdym. Şondan soň ýene-de “Gelin gelýär” atly spektaklda eneli-ogul bolup çykyş etdik. Şonuň ýaly-da özbek ýazyjysy Seýit Ahmediň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Gelinleriň gozgalaňy” atly spektaklda Fahriýa daýza ýedi oglanyň, ýedi gelniň gaýyn enesi Permanbibiniň uly gelni Satdynyň keşbini janlandyrdy. Men enäniň sazanda ogly Mamuryň keşbini janlandyrdym. Şeýdip meniň bolan ýerimde halypam, onuň bolan ýerinde-de men, elmydama bile keşp döredýärdik. Fahriýa halypa bilen maňa gaty kän spektaklda ýüzbe-ýüz bolup çykyş etmek miýesser etdi. Olary bir pursatda agzap geçmegem mümkin däl. Onuň bilen sahnada çykyş etmek örän ýeňildi. Sebäbi ol saňa elmydama kömek edýärdi. Öwüt baryny berýärdi. Režissýor hökmünde-de özüniň tejribesinden gürrüň berýärdi.
Fahriýa halypa teatra 1941-nji ýylda ýokary okuwy tamamlap gelýär. Ol ýokary okuwda halk artistleri Sabyr Ataýewa, Täçbibi Gafurowa dagy bilen okaýar. Fahriýa halypa diňe bir işde däl, eýsem, sapara gideniňde-de ýoldaş bolmaga ökdedi. Teatryň döredijilik topary spektakllar bilen welaýatlarda, etrap merkezlerinde aýlap iş saparynda bolup gelerdiler. Şonda-da Fahriýa halypa ýaşlar bilen ýaş, ulular bilenem uly ýaly gürleşerdi. Ol ýaşlara öz perzentleri ýaly garardy. Olary öz enelik mähri bilen çoýýardy. Eger ýaş artistleriň içinde birdir ýarymy ýalňyşaýsa-da, ol hiçem käýýemez gaýtam tersine medeniýetli düşündirip, öwüt-nesihat berip, ýalňyşyny düzetmäge ýol açardy.
Maňa Fahriýa daýza bilen geçen asyryň 80-nji ýyllarynda türkmen telewideniýesinde taýýarlanýan telewizion oýunlarda keşp janlandyrmak hem miýesser edipdi. Şonda biz rus ýazyjylarynyň eserleri esasynda goýulýan teleoýunlarda hem çykyş edýärdik. Fahriýa halypa Moskwada okap gelensoň, ruslaryň durmuşyna-da beletdi. Ol bize-de öwredýärdi. Şol wagtlar halypa artist Myrat Seýitnyýazow hem biziň teatrymyzda işleýärdi. Kärdeşi Oraz Arrykow bilen olara myhmançylyga gidýärdik. Soň Myrat aga Fahriýa halypa bilen durmuş toýuny tutdular. Biz soň-soňlaram olara myhmançylyga barardyk. Şonda Myrat aga bilen Fahriýa halypa bizi oňat garşy alyp, biz bilen aktýor ussatlygyndan gürrüň edip, öz tejribelerinden bize-de geçirerdi. Olaryň ikisem teatr durmuşyny jany-teni bilen söýýän adamlardyr. Bize-de işleýän käriňi söýüp işlemelidigini, ondan lezzet almalydygyny, diňe şeýdeniňde maksadyňa ýetip bolýandygyny nesihat edýärdiler. Ýeri gelende, soň halypalyga ýetişen artistlerimiz Oraz Baýramowyň, Oraz Arrykowyň, Rejep Hojagulyýewiň, Gündogdy Hakgyýewiň, Welmyrat Amanowyň, Ýelizaweta Garaýewanyň, Enejan Orazmyradowanyň Fahriýa halypanyň şägirtleridigini aýtmagymyz gerek.
1955-nji ýylda milli teatr sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Fahriýa Alyýewa “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, 1974-nji ýylda-da “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakylýar. 2016-njy ýylda, “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýylynda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda Fahriýa Alyýewanyň ýubileý toýy bellenip geçildi. Şonda Arkadag Prezidentimiz halypa aktrisamyza “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni gowşurdy. Biçak tolgunan Fahriýa daýza şonda: “Men bu gün özümi misli täzeden dünýä inen ýaly duýýaryn. Çünki Gahryman Arkadagymyz meni şa serpaýy bilen sylaglady. Şu ýatdan çykmajak pursatlarda sungata sarpa goýýan mähriban Arkadagymyza ene ýüregimden çäksiz alkyşymy aýdýaryn. Goý, mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!” diýip, öz ýürek şatlygyny beýan etdi.
Köpleriň halypasy Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Alyýewanyň bu günki gün bagtly maşgalasy bar. Dört gyzy, bir ogly dünýä inderip, kemala getiren enäniň 11 agtygy, 17 çowlugy bar. Olaryň her haýsysy göwün beren kärlerinde zähmet çekip, bilim alyp ýörler. Bütin ömrüni durky bilen sungata bagyşlan Fahriýa daýzamyz bu gün bagtyýar zamanamyza, agtyk-çowluklarynyň ýeten derejelerine guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.
Akmyrat Hojaberdiýew,
teatr sungatyny öwreniji.