14-nji iýulda Aşgabatda №72 “Awtokombinat – Awtomenzil” täze awtobus ugry işe başlady. Bu ugur Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň buýrugy boýunça Aşgabadyň “Türkmenawtoulaglary” ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan guraldy. Ugruň ýoly: Awtokombinatdan Gündogar köçesi bilen, Gurbansoltan eje şaýolundan, Arçabil aýlaw ýolundan geçip, “Ak Tam” we “Altyn Asyr” bazarlarynyň ýany bilen, A.Nyýazow şaýolunyň ugrundaky Halkara awtowokzala çenli dowam edýär.
Täze ugruň işe girizilmegi Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ulag elýeterliligini gowulandyrmaga, şäherde has amatly we netijeli hereket etmäge mümkinçilik bermäge gönükdirilendir. Çeşme awtoulag.gov.tm