Astronomlar ilkinji gezek Aýyň ýüzünde gowagyň bardygyny anykladylar. Çuňlugy 100 metre barabar bolan bu oýugyň Aýda hemişelik ýaşamaga niýetlenen desganyň gurluşygy üçin has amatly şertleri döretjekdigi bellenilýär. Astronomlar şeýle oýuklaryň başga-da ýüzlerçesiniň bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Aýda hemişelik ýaşamaga niýetlenen desga gurmak üçin radiasiýadan aşa yssy ýa-da sowuk howadan goranmaly bolar. Kosmosa çykan ilkinji iňlis kosmonawty Helen Şarman geljek 20-30 ýylda Aýda bu oýuklarda ýaşamak üçin desga gurup biljekdiklerini aýdýar. Ýeriň hemrasyndaky äpet çukury Italiýanyň Trento uniwersitetiniň ylmy işgäri Lorenzo Bruzzone we Leonardo Karrer tapypdyr. Bu çukuryň Asudalyk deňzi (Mare Tranquillitatis) atly düzlükde ýerleşýändigi mälim edildi. Asudalyk deňzi atly düzlük göz bilen seredilende Aýyň ýüzünde tegmil ýaly bolup görünýär. Çukuryň düýbüniň has giň bolmagynyň mümkindigi bellenilýär. Ony has ýakyndan öwrenmek üçin robotlardan we kameralardan peýdalanyp bolar. Astronomlar 50 ýyl çemesi ozal Aýyň ýüzünde çukurlaryň bolup biljekdigini anyklapdylar.
Resulberdi NURBERDIÝEW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.