Häzirki wagtda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uly işler amala aşyrylýar, halkara ülňülere laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen, sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek, raýatlaryň hyzmatlar üçin töleglerini onlaýn usulda töläp bilmekleri babatda oňaýly şertleri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi. Taslamanyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, öýleriň, raýatlaryň hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmegi ýola goýuldy. Şeýle-de, ilata jemagat hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalaryň öz hyzmatlarynyň hasabatyny elektron görnüşde ýöretmäge mümkinçilik döretdi.
Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly we “Sanly şäher” atly mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilip, olar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Mundan başga-da, ilata hödürlenilýän jemagat tölegleri bir penjire ulgamy bolan döwlet hyzmatlar portalynda (e.gov.tm), ýurdumyzda giňden ulanylýan mobil goşundylarda ýerleşdirildi.
Bu barada 19-njy iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.