Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysynyň agzalarynyň arasynda hem talyplaryň birnäçesiniň bardygyny aýtmak gerek. Olar halkara sport ýaryşlarynda, çempionatlarynda görkezen netijeleri bilen Fransiýanyň Pariž şäherinde badalga beriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma gazandylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa dzýudo ýaryşynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Musa Žalaýaw suwda ýüzmek bäsleşiklerinde çykyş eder. Duşenbede guralan Gran-pri ýaryşynyň altyn medalynyň eýesi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Serdar Rahimow dzýudo boýunça ýurdumyzyň sport abraýyny gorap çykyş eder. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy Dawranbek Hasanbaýew bolsa agyr atletika boýunça Olimpiýa oýunlarynyň synagyndan geçer. Ine, şu talyplar we uçurym bolan türgenimiz her dört ýyldan halkara derejesinde geçirilýän dünýäniň iň iri sport bäsleşiginde, ýagny tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň adyndan wekilçilik ederler. Iri sport ýaryşlarynyň synagdan geçýän türkmenistanly türgenlere planetanyň sport baýramynda rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris!

Serdar Rahimow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň toparynda 66 kilogram agram derejesinde çykyş eder.
12. 02. 2004 ýyl. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde doglan.
Sportuň görnüşi: dzýudo.
Agram derejesi: 66 kilogram.
Sport derejesi: sport ussatlygyna dalaşgär.
Gazanan netijeleri:
V Yslam Raýdaşlygy Oýunlary, Olimpiýa ýollanmasyna utuk toplady, Konýa şäheri, Türkiýe Respublikasy, 15-17. 08. 2022 ýyl.
«Gran-Pri» halkara ýaryşy, Olimpiýa ýollanmasyna utuk toplady, Lissabon şäheri, Portugaliýa, 27-29. 01. 2023 ýyl.
Ýewropanyň Açyk çempionaty, 2-nji orun, Rim şäheri, Italiýa Respublikasy, 11-12. 03. 2023 ýyl.
Ýaşlaryň arasynda Ýewropanyň Kubogy, 1-nji orun, Saraýewo şäheri, Bosniýa we Gersegowina, 18-19. 03. 2023 ýyl.
«Gran-Pri» halkara ýaryşy, Olimpiýa ýollanmasyna utuk toplady, Tbilisi şäheri, Gruziýa, 24-26. 03. 2023 ýyl.
Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň kubogy, 2-nji orun, Daşkent şäheri, Özbegistan Respublikasy, 27-30. 07. 2023 ýyl.
Ýewropanyň Açyk çempionaty, 2-nji orun, Warşawa şäheri, Polşa Respublikasy, 25-26. 02. 2024 ýyl.
Ýewropanyň Açyk Kubogy, 2-nji orun, Riga şäheri, Latwiýa Respublikasy, 16- 17. 03. 2024 ýyl.
«Gran-Pri» halkara ýaryşy, 1-nji orun, Duşanbe şäheri, Täjigistan Respublikasy, 03-05. 05. 2024 ýyl.
Birinji tälimçisi: B.Şerapow
Tälimçisi: T.Kazuhiko

Maýsa Pardaýewa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.
XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gelin-gyzlaryň toparynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça 57 kilogram agram derejesinde çykyş eder.
14.02.2005 ýyl. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginde doglan.
Sportuň görnüşi: dzýudo.
Agram derejesi: 57 kilogram.
Sport derejesi: 1-nji derejeli.
Gazanan netijeleri:
Ýaşlaryň arasynda Aziýanyň Kubogy, 1-nji orun, Almaty şäheri, Gazagystan Respublikasy, 13-15. 05. 2022 ýyl.
Ýaşlaryň arasynda Ýewropanyň Kubogy, 2-nji orun, Saraýewo şäheri, Bosniýa we Gersegowina, 18-19. 03. 2023 ýyl.
Aziýanyň açyk çempionaty, 3-nji orun, El-Kuweýt şäheri, Kuweýt, 28-29. 04. 2023 ýyl.
Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň Kubogy, 1-nji orun, Daşkent şäheri, Özbegistan Respublikasy, 27-30. 07. 2023 ýyl.
XIX Aziýa oýunlary, 3-nji orun, Hançžou şäheri, Hytaý Halk Respublikasy, 23.09 — 08.10.2023 ýyl.
Ýewropanyň Açyk çempionaty, 1-nji orun. Warşawa şäheri, Polşa Respublikasy, 25-26. 02. 2024 ýyl.
«Gran-Pri» halkara ýaryşy, 3-nji orun, Antalýa şäheri, Türkiýe Respublikasy, 29-31. 03. 2024 ýyl.
Birinji tälimçisi: J. Matnazarow.
Tälimçisi: T. Kazuhiko.

Musa Žalaýaw, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň toparynda 100 metr aralyga erkin ýüzmek görnüşi boýunça çykyş eder.
15. 05. 2003 ýyl. Aşgabat şäherinde doglan.
Sportuň görnüşi: suwda ýüzmek (100 metr erkin ýüzmek)
Sport derejesi: halkara derejeli sport ussady
Gazanan netijeleri:
Bütindünýä suwdaky sportuň görnüşleriniň (World Aquatics) okuw-türgenleşik ýygnanyşygy, Kazan şäheri, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, 01. 11. 2019 ýyl. — 01. 10. 2020 ý.
Aziýanyň açyk çempionaty, 50 metr erkin usulda ýüzmekde 1-nji orun, 100 metr erkin usulda ýüzmekde 2-nji orun, Bangkok şäheri, Taýland Patyşalygy, 03-07. 03. 2023 ýyl.
«Uzbekistan Swimming Championships 2023» atly halkara ýaryş, 100 metr erkin usulda ýüzmekde 2-nji orun, Daşkent şäheri, Özbegistan Respublikasy, 16-23.04.2023ý.
Birinji tälimçisi: D. Nowikow.
Tälimçisi: D. Nowikow.

Dawranbek hasanbaýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy.
XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň toparynda agyr atletika boýunça 102 kilogram agram derejesinde çykyş eder.
24. 12. 2000 ýyl. Daşoguz welaýatynda doglan.
Sportuň görnüşi: agyr atletika.
Agram derejesi: 102 kilogram.
Sport derejesi: halkara derejeli sport ussady
Gazanan netijeleri:
5-nji Yslam Raýdaşlyk Oýunlary, Olimpiýa ýollanmasyna utuk toplady, Konýa şäheri, Türkiýe, 11. 08. 2022 ýyl.
Aziýa çempionaty, Olimpiýa ýollanmasyna utuk toplady, Manama şäheri, Bahreýn Patyşalygy, 06. 10. 2022 ýyl.
Aziýa çempionaty, Olimpiýa ýollanmasyna utuk toplady, Jinju şäheri, Koreýa Respublikasy, 05. 05. 2023 ýyl.
Dünýä çempionaty, Olimpiýa ýollanmasyna utuk toplady, Er-Riýad şäheri, Saud Arabystany Patyşalygy, 04. 09. 2023 ýyl.
Aziýa çempionaty, Olimpiýa ýollanmasyna utuk toplady, Daşkent şäheri, Özbegistan Respublikasy, 03. 02. 2024 ýyl.
Dünýä kubogy, Olimpiýa ýollanmasyna utuk toplady, Phuket şäheri, Taýland Patyşalygy, 31. 03. 2024 ýyl.
Birinji tälimçisi: M. Jumaýew.
Tälimçisi: M. Rejepow.

Çeşme: tdbsi.edu.tm