Türkmenistanyň Alaja portundan çig türkmen nebiti 17-nji iýulda “Zangilan” gämisiniň ilkinji tajirçilik saparynda Azerbaýjanyň Sangaçal deňiz portuna üstünlikli amala aşyryldy. Bu barada caspianbarrel.org. habar berýär.
Täze nesil tankeri, Baku gämi-gurluşyk zawodynda “Azerbaýjan Kaspi ýük daşaýyş kompaniýasy” ÝPJ-iň (ASCO) buýurmasy esasynda guruldy we şu ýylyň 2-nji iýulynda Bakuwyň prezidenti Aliýewiň gatnaşmagynda işe girizildi.
Uzynlygy 141 metr we ini 16,9 metr bolan gämi alty sany ýük tanky bilen enjamlaşdyrylyp, umumy göterijilik ukyby 7,800 tonna baradardyr. Tankeriň tehniki aýratynlyklary, oňa Hazar basseýniniň deňiz suw portlaryna girmäge hem-de iň ýokary göterijilik ukyby bilen ýük daşamaga mümkinçilik berýär.
Halkara söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda ýollaryny diwersifikasiýa etmek boýunça işleriň çäginde Türkmenistanyň hem beýleki Hazarýaka ýurtlary ýaly, milli gämi flotiliýasynyň mümkinçiligini ösdürmäge uly üns berýändigini bellemelidiris.
Ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesiniň” giň gerimli döwrebaplaşdyryş we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy netijesinde her ýyl deňiz arkaly ýük daşamagyň möçberi yzygiderli artýar we gämi duralgasyna girýän daşary ýurt gämileriniň sany hem köpelýär. Muňa, “Zangilan” tankeriniň ilkinji syýahatynyň üstünlikli tamamlanandygyny şaýatlyk edýär.