Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçen Bütindünýä emeli aň konferensiýasyna we Emeli aňyň global dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli ýygnaga gatnaşandygyny «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.
Bu çärä dünýäniň 40 ýurdundan bolan hünärmenleriň 1000-den gowragy gatnaşdy.
Bütindünýä emeli aň konferensiýasyna we Emeli aňyň global dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli ýygnaga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebiniň — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary, şeýle-de, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri Hytaýyň iň uly senagat we söwda merkezleriniň biri bolan Şanhaý şäherinde boldular.
Bu sapar Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çakylygy boýunça amala aşyryldy. Ilkinji gezek 2021-nji ýylda guralan we şondan bäri her ýyl geçirilýän Bütindünýä emeli aň konferensiýasy we Emeli aň global dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli ýygnak «tehnologik lider, pudagyň ösüşini utgaşdyryjy hem-de bu ugurda dolandyryş geňeşi» hökmünde çykyş edýär.
Dürli tematiki hyzmatdaşlyk platformalarynda ýaýbaňlandyrylan çäreler öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak maksadyndan ugur alyp, telekeçileri, hökümet wekillerini, bilermenleri, halkara guramalarynyň agzalaryny, maýadarlary, startap toparlaryny we beýlekileri bir ýere jemledi.
Iş saparynyň resmi bölegi gatnaşyjylaryň «Shanghai EXPO» binasynda bellige alynmagy bilen başlandy. Bu işiň tamamlanmagyndan soň, Bütindünýä emeli aň konferensiýasynyň açylyş dabarasy bolup, oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň premýeri Li Sýan gatnaşdy. Gatnaşyjylary güler ýüz bilen mübäreklän Li Sýan häzirki zaman dünýäsinde emeli aň tehnologiýasynyň eýeleýän orny hem-de onuň geljegi hakynda gysgaça çykyş etdi.
Günüň ikinji ýarymynda Emeli aňyň dolandyryşy boýunça ýokary derejeli ýygnak geçirildi. Onuň işine gatnaşan wekiliýetleriň agzalary öz ýurtlarynda emeli aňyň mümkinçilikleri hem-de şuňa meňzeş meseleler, bu tehnologiýanyň gatnaşýan pudaklary hakynda gürrüň berdiler we onuň durmuşa geçirilişinde ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin tekliplerini hödürlediler. Ertesi gün «Shanghai EXPO» merkeziniň baş binasynda Bütindünýä emeli aň konferensiýasy geçirildi. Bu ýerde şol bir wagtyň özünde ondan gowrak degişli maksatlara gönükdirilen çäreleriň geçirilendigini hem bellemelidiris. Türkmenistanyň wekilleri şolardan «Frontier AI» howpsuzlygy we dolandyryşy boýunça foruma gatnaşdylar.
Bütindünýä emeli aň konferensiýasynyň çäginde geçirilen çäreleriň jemlenmeginden soň, türkmen wekiliýeti halkara çärä gatnaşýan öňdebaryjy guramalaryň we kompaniýalaryň agzalary bilen tanyşdylar hem-de çäreleriň gerimi we dünýädäki ähmiýeti hakynda maglumat almak mümkinçiligine eýe boldular. «Frontier AI» howpsuzlygy we dolandyryşy boýunça foruma gatnaşmagyň netijesinde zerur maglumatlar alyndy hem-de «Kiberhowpsuzlyk meselelerini çözmekde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak» atly ylmy temada işe başlamak üçin şertler kesgitlenildi. Emeli aň bilen baglanyşykly tehnologiýalar ulananylanda howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetirmek üçin teklip edilen taslamalar we dünýäniň şu ulgamynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän «gyzyl çyzyklar» hem öwrenildi. Çeşme: tca.gov.tm