Wenger matematigi Erno Rubigiň 1974-nji ýylda oýlap tapan tapmaça oýnawajy dünýäniň hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän güýmenjesine öwrüldi. Bu oýnawajy gören uludan-kiçä hemmeler zehini barlamak üçin ony biygtyýar eline alýar. Häzire çenli bu oýunjakdan 450 milliondan gowragynyň satylandygy bellenilýär.
Oýunjak ilkibaşda okuw esbaby hökmünde oýlanyp tapylypdyr. Preofessor Rubik okuwçylaryna üç ölçegli jisimleri düşündirmek üçin her tarapyndan 9 kwagrat bolan we her bölegi aýratynlykda hereket edip bilýän bu oýunjagy oýlap tapýar. Erno Rubik bu oýnawajy köpçülige tanyşdyrmak maksady bilen 1975-nji ýylda oňa patent alýar. Ilkibaşda “jadyly kubjagaz” diýlip atlandyrylan oýunjak 1980-nji ýyllarda bütin dünýäde meşhurlyk gazanýar. Hemmeler bu tapmaçany çözmek üçin dürli usullary gözläp başlaýar.
Soňky ýyllarda internetiň ýaýramagy bilen bu kubjagyzy çözmegiň dürli usullary köpçülige görkezilýär. Şeýle hem kubjagazyň has çylşyrymly görnüşleri peýda bolýar.
Erno Rubik bu oýnawaç barada adamlaryň bilesigelijiligini, oýun oýnamak islegini we mesele çözmek ukybyny birleşdirýändigini belleýär.