Arheologlar Özbegistandaky Fergana jülgesinden Beýik Ýüpek ýolunyň täze şäherini ýüze çykardylar. Özbegistanyň Ming-tepe diýen ýerinde geçirilen iki ýyllyk gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Hytaýyň jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň we Özbegistanyň arheologiýa istitutynyň işgärleri Fergana jülgesinden Monakonyň ölçegindäki (2 inedördül kilometr) gadymy şäheri ýüze çykardylar. Gazuw-agtaryş işlerine başlamazdan ozal, arheologlar “Real Time Kinematic” tehnologiýasy bilen abzallaşdyrylan dronuň ýardamy bilen ýadygärligiň we onuň töweregindäki çäkleriň gurluşyny surata düşürdiler. Bu bolsa, şäher diwarlarynyň çäklerindäki aramgähleriň galyndylaryny we senetçilik ussahanasynyň suduryny anyklamaga ýardam berdi. Bularyň ýüze çykarylmagy bu ýeriň düşelge däl-de, eýsem hemişelik ilatly ýer bolandygyny subut etdi.
Geçirilen barlaglar esasynda, ýüze çykarylan ýeriň 2000 ýyl mundan ozal, Daýýuan şalygy bilen baglanyşykly möhüm şäher bolanlygy belli boldy. Bu döwlet Beýik Ýüpek ýolunyň çäklerindäki kerwensaraýlary we tohumlyk atlary bilen giňden tanalypdyr. Ol şu günki günde biziň eýýamymyzyň çäklerindäki Hytaýyň, Orta Aziýanyň we Ýewropa medeniýetiniň özara gatnaşygyny öwrenmek üçin gelejegi bar bolan ugur hasaplanýar.
Beýik Ýüpek ýoly – Orta ýer deňiz töwereklerinden Hytaýa çenli Ýewropany we Aziýany kesip geçen köp ugurly kerwen ýolunyň ulgamydyr. Bu ýol Alynky Aziýanyň, Kawkazyň, Orta Aziýanyň we Hytaýyň syýasy, ykdysady, medeni gurluşynyň kemala gelmeginde ägirt uly täsirini ýetiripdir. Orta Aziýada Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ylmyň we medeniýetiň ojaklary bolan Merw, Samarkand, Buhara, Termez, Hywa we beýleki şäherler ýüze çykypdyr.
Taýýarlan Ýunus Myradow,
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.