Finlýandiýanyň Helsinki uniwersitetiniň alymlary itleriň näme üçin adama dostlukly çemeleşýändigini aýdyňlaşdyrdylar. Görüp otursalar, bu öý jandaryny oksitosin, ýagny bagtyýarlyk duýgusy has-da özüne çekýän eken. Alymlar nädip ynsan şatlygynyň ite täsir edýändigini düşündirmäge synanyşdylar. Geçirilen barlaglarda bu öý jandary eýesiniň duýgusyna mylakatly çemeleşip, şatlananda şatlygyny duýýandygyny ýüze çykardy. Netijede, itleriň esasy instiktiniň diňe iýmit we köpelmek bolup durýanlygy baradaky pikir tassyklanmady. Itler adama duýgudaş hökmünde çemeleşip, eýesiniň oňat garaýşyna mynasyp bolýarlar. Alymlar itleriň sözleriň manysyny aňşyrmaga ukyplydygyny, şeýle hem olaryň adamyň äheňini aňlaýandygyny subut etdiler. Itler pişiklerden tapawutlylykda, adam bilen diňe iýmit üçin däl-de, eýsem, aragatnaşyk we oňaýly duýgudaşlyk üçin dostlaşýan eken. Barlaglaryň netijesinde, itleriň şähdaçyk, şadyýan adamlar bilen has-da dostlukly çemeleşýändigi belli boldy. Diýar Yhtyýarow Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.