Dünýäniň iň abraýly welosport ýaryşy hasaplanýan “Tour de France” bäsleşigi tamamlandy. 111-nji gezek geçirilen ýaryşda “UAE Team Emirates” toparynyň sloweniýaly türgeni Tadeý Pogaçar ýeňiş gazandy. Ol 23 günläp dowam eden ýaryşy 83 sagat 38 minut 56 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň “Tour de France” ýaryşyndaky 3-nji çempionlygy bolup, ol 2020-nji we 2021-nji ýyllarda-da ýeňiş gazanypdy. 4-nji tapgyrdan soň umumy sanawyň 1-nji basgançagyna ymykly ornaşan Pogaçar jemi 6 tapgyrda pellehana hemmeden öň gelmegi başardy. Pogaçar 4-nji, 14-nji, 15-nji hem-de soňky 3 tapgyry ýeňiş bilen tamamlady. 25 ýaşyndaky Pogaçar şu möwsümde 3 uly bäsleşigiň ýene biri bolan “Giro d’Italia”-da hem ýeňiji boldy.  Tadeý Pogaçar awgust-sentýabr aýlarynda geçirilen “Vuelta a España”-da hem ýeňiş gazanan ýagdaýynda bir ýylyň dowamynda uly bäsleşikleriň 3-sinde-de ýeňiji bolan ilkinji türgen hökmünde taryha girer. Ol şol bir wagtyň özünde 3 uly bäsleşikde ýeňiş gazanan 7-nji welosipedçi bolar.

Ýaryşda Pogaçar 6 minut 17 sekunt az netije görkezen “Visma–Lease a Bike” toparynyň daniýaly türgeni Ýonas Wingegor 2-nji ýere mynasyp boldy. Ol bassyr 3-nji gezek ýaryşy 2-nji bolup tamamlady. “Soudal–Quick-Step” toparynyň belgiýaly türgeni Remko Ewenepoel 3-nji orny eýeledi.

Bu gezek tomusky Olimpiýa oýunlary sebäpli Parižde tamamlanmadyk ýaryşyň soňky tapgyry Monako bilen Nissanyň aralygy boldy. Italiýanyň Florensiýa şäherinden bat alan bäsleşik geçirilip başlanyndan bäri ilkinji gezek Parižde tamamlanmady. Nissa şäherinde tamamlanan ýaryşda

Beýik britaniýaly meşhur welosportçy Mark Kawendiş bu ýaryşdan soň karýerasyny tamamlady. Ol bu ýaryşa 15-nji gezek gatnaşyp, 5-nji tapgyryň ýeňijisi boldy. 39 ýaşyndaky türgen “Tour de France” ýaryşynda 35 tapgyrda ýeňiji bolup, bu ugurda belgiýaly Eddi Merksiň 49 ýyllyk rekordy täzeledi.

“Intermarché–Wanty” toparynyň eritreýaly türgeni Biniam Girmaý utuk toplamak ugry boýunça, “EF Education–EasyPost” toparynyň ekwadorly türgeni Riçard Karapaz dag tapgyry boýunça umumy ýaryşda 3-nji ýeri eýelän “Soudal–Quick-Step” toparynyň belgiýaly welosportçysy Remko Ewenepoel ýaşlaryň arasynda çempion bolmagyň hötdesinden geldi.