22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär.
Sport jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri — Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Wekiliýetiň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada gatnaşýan türkmen türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz türgenleri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň öňde boljak dünýäniň iri sport baýramçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parlatjakdyklaryna ynam bildirdi. Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Türgenlerimiziň soňky ýyllarda geçirilen halkara derejeli iri ýaryşlarda gazanan ýeňişleri olaryň Pariž Olimpiadasynda hem üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam döredýär. Baýrakly orunlara birnäçe ýokary netijeleri gazanan türgenler dalaş edýär. Şolaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby S.Rahimow hem bar. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan 20 ýaşly dzýudoçy türgen arzyly Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmagyň ugrunda soňky iki ýylyň içinde iri halkara ýaryşlarda 6 medal, şol sanda “Uly tuwulga” dünýä ýaryşlar tapgyrynyň Täjigistanda geçirilen «Dushanbe Grand Slam — 2024» atly abraýly ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň taryhynda ilkinji altyn medaly gazandy. Ol derejesi boýunça Olimpiýa oýunlaryndan we dünýä çempionatlaryndan soň iň abraýly ýaryş hasaplanýar.
Dzýudo sportunyň ýene bir wekili — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby M.Pardaýewanyň Olimpiada gatnaşýan ýygyndy toparymyzyň düzüminde üstünlikli çykyş etjekdigine hem uly ynam bildirilýär. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan 19 ýaşly zehinli türgenimiz Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň saýlama tapgyryndaky wekilçilikli halkara ýaryşlarda 57 kilograma çenli agram derejesinde 7 medala, şol sanda Hytaýyň Huançžou şäherinde geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynda we Türkiýede geçirilen “Uly tuwulganyň” «Antalya Grand Slam — 2024» ýaryşynda bürünç medallara mynasyp boldy.
Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň ýene biri — Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan agyr atletika boýunça 23 ýaşly sport ussady D.Hasanbaýew Tailandyň Phuket şäherinde geçirilen dünýä kubogyndaky üstünligi bilen Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol şonda silkip götermekde altyn medal gazandy we 18 görkeziji boýunça iki synanyşygyň jemi boýunça 102 kilograma çenli agram derejesinde iň gowy 10 agyr atletikaçynyň sanawyna girip, dünýä reýtinginde öz ornuny ýokarlandyrdy. Bu oňa Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk berdi.
Olimpiýa toparymyzyň düzüminde ýüzüji türgenler — 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek görnüşi boýunça M.Žalaýew, 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek görnüşi boýunça A.Primowa, 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýeňil atletikaçy W.Meredowa hem bar. Olaryň öňünde Olimpiýa oýunlarynda öz maksada okgunlylygyny görkezmek wezipesi durýar. Türgenlerimiziň gazanýan üstünliklerine bolsa türkmen sportunyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýän hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýokary baha berilýär.
Türkmenistanyň Milli agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, halkara derejeli emin Ç.Mämmedow “Pariž — 2024” oýunlarynda agyr atletika boýunça geçiriljek ýaryşyň emini hökmünde wekilçilik eder. Ol çykyşynda sporty ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza, Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Meýdança dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy çykarylýar hem-de ýurdumyzyň olimpiýaçylaryna gowşurylýar. Dzýudo boýunça “Uly tuwulga” ýaryşynyň çempiony S.Rahimow aýratyn hormatyň we wepalylygyň nyşany hökmünde mukaddes tugumyzy maňlaýyna sylýar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly joşgunly aýdymynyň owazy astynda Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetiniň agzalary dabaraly ýöräp geçýärler.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda türgenler her dört ýyldan bir gezek geçirilýän iň iri ýaryşda Watanymyzyň sport abraýyny belende götermegiň hatyrasyna ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Dabara Türkmenistanyň Döwlet senasynyň dabaraly ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.