Daniýaly alymlar Demirgazyk Atlantikadan käbir maglumatlara görä, 1505-nji ýylda doglan akulany tutdular. Şeýlelikde, bu balyk oňurgaly haýwanlaryň arasynda ömür dowamlylygy boýunça gürrüňsiz, iň köp ýaşan jandardyr. Ol görnüşi ýa-da gelip çykyşy boýunça grenland ýa-da polýar akulalaryna degişlidir. Olar her ýyl ortaça, 1 santimetr ösýärler. Bu barada “Sun” gazeti habar berýär.
Awlanan balygyň uzynlygy 5,4 metre barabardyr. Onuň ýaşy radiouglerod seljermesi arkaly kesgitlendi. Bu jandaryň ýaşynyň 272-den 512-ä çenli aralykdadygy hasap edilýär. Grenland akulasy, esasan hem, beýleki balyklar bilen iýmitlenýärler. Islandiýada onuň eti tagamly nahar hökmünde kabul edilýär. Ýöne ony taýýarlamagyň ýörite usullary bar. Sebäbi ol zäherli bolup biler.
Awlanan bu akulanyň DNK barlagynyň netijesinde, alymlar grenland akulasynyň beýleki oňurgaly haýwanlardan has köp ýaşamagynyň sebäbini anyklarlar. Şu wagta çenli tapylan akulalaryň iň garrysy 392 ýaşlydy.
Ýer ýüzündäki iň köp ýaşaýan jandarlar pyşbagalar hasaplanýar. Olaryň ýaşynyň 250-den hem geçýän pursatlaryna gabat gelinýär.