Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2016-njy ýyl­da tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça te­le­wi­zor, so­wa­dy­jy, mo­bil te­le­fo­ny, komp­ýu­ter, to­zan so­ru­jy we beý­le­ki elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän elekt­ron en­jam­lar­dan yba­rat bo­lan ga­lyn­dy­la­ryň möç­be­ri 44,7 mil­li­on ton­na ba­ra­bar bol­dy. Şol ga­lyn­dy­la­ryň için­dä­ki çig mal­la­ryň di­ňe bäş­den bir bö­le­gi­ni gaý­ta­dan iş­le­mek müm­kin­çi­li­gi eme­le gel­di.
Mag­lu­ma­ta gö­rä, tu­tuş dün­ýä­de gir­de­ji­le­riň art­ma­gy hem-de nyrh­la­ryň pe­sel­me­gi ne­ti­je­sin­de, elekt­ron ga­lyn­dy­la­ryň muk­da­ry ýyl-ýyl­dan kö­pel­ýär. Ge­çen ýyl eme­le ge­len 44,7 mil­li­on ton­na ba­ra­bar bo­lan ga­lyn­dy­la­ry 1,23 mil­li­on sa­ny uly ýük ulag­la­ry­na ýer­leş­dir­mek bol­ýar. Şol ga­lyn­dy­la­ryň ara­syn­da zar­ýad ber­ýän en­jam­la­ryň pa­ýy 1 mil­li­on ton­na deň­dir.
Elekt­ron ga­lyn­dy­lar­da­ky çig ma­lyň umu­my möç­be­ri 55 mil­liard ýew­ro deň­dir. Mu­nuň köp san­ly ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň möç­be­rin­den köp­dü­gi ünsi çe­k­ýär. Şeý­le hem mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2021-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji­niň 52,2 mil­li­on ton­na ba­ra­bar bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.
Elekt­ron ga­lyn­dy­la­ryň umu­my ag­ra­my Mü­sür­dä­ki ägirt uly Gi­za pi­ra­mi­da­la­ry­nyň 9-sy­nyň ag­ra­my­na deň­dir. Elekt­ron ga­lyn­dy­la­ryň muk­da­ry­nyň art­ma­gy ösen hem-de ösüp barýan ýurt­lar­da bu ugur­da­ky en­jam­la­ry ulan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Me­se­lem, ABŞ-nyň, Hy­ta­ýyň hem-de Ýew­ro­pa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry 1,5 ýa-da 2 ýyl­dan mo­bil te­le­fon­la­ry­ny ça­lyş­ýar.
2016-njy ýyl­da tu­tuş dün­ýä­de elekt­ron ga­lyn­dy­la­ryň jan ba­şy­na dü­şen muk­da­ry 6,1 kg-a deň­dir. Bu gör­ke­zi­ji 2014-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 5 gö­te­rim köp­dür. Bu ugur­da iň köp gör­ke­zi­jä Nor­we­gi­ýa eýe­dir. Bu ýurt­da adam ba­şy­na düş­ýän muk­dar 28,5 ki­log­ra­ma deň­dir. Umu­man, Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da bir ada­ma 16,6 kg elekt­ron ga­lyn­dy düş­ýär. Her ýyl 12,3 mil­li­on ton­na elekt­ron en­jam­la­r zy­ňyl­ýar.
ABŞ-da bol­sa, adam ba­şy­na zy­ňyl­ýan ga­lyn­dy­lar 11,6 kg-a ba­ra­bar­dyr. Onuň 17 gö­te­ri­mi gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Dün­ýä­de iň köp elekt­ron ga­lyn­dy­la­ryň ýyg­nal­ýan ýur­dy Hy­taý­dyr. Bu ýurt­da­ky gör­ke­zi­ji 7,2 mil­li­on ton­na deň­dir. Sel­jer­me­le­re gö­rä, 2030-njy ýy­la çen­li ga­lyn­dy­la­ryň muk­dar­ynyň 27 mil­li­on ton­na ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Mo­bil te­le­fon­la­ryň, so­wa­dy­jy­la­ryň, te­le­wi­zor­la­ryň we beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ryň ga­lyn­dy­la­ry daş­ky gur­şa­wa hem-de adam sag­ly­gy­na ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär. Şo­nuň üçin BMG dün­ýä ýurt­la­ry­ny bu ugur­da de­giş­li çä­re­le­ri gör­mä­ge hem-de elekt­ron ga­lyn­dy­la­rynyň tä­ze­den iş­le­nil­me­gi­ni ga­zan­ma­ga ça­gyr­ýar.