Angliýanyň “Premier Ligasynyň iň köp duşuşyk geçiren futbolçysy Garet Berri 43 ýaşynda täzeden futbola dolandy. Ol 2020-nji ýylda karýerasyny tamamlapdy. “Aston Willa”, “Mançester Siti”, “Ewerton” hem-de “West Bromwiç” toparlarynda oýnan Berri 11-nji liganyň wekili “Hörstpirpoint” topary bilen şertnama baglaşdy. “Hörstpirpoint” topary Merkezi Sassiks ligasynyň 2-nji diwizionynda, ýagny Angliýanyň 11-nji ligasynda çykyş edýär. Berri APL-de 653 duşuşykda meýdança çykyp, bu ugurda rekordyň eýesidir. Berri Angliýanyň ýygyndysynda-da 53 duşuşyk geçirdi.