Wýet­nam bi­len Ýew­ro­pa er­kin söw­da as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (EF­TA) ara­syn­da uza­ga çe­ken gep­le­şik­ler­den soň­ra er­kin söw­da ba­ra­da ta­ry­hy yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Ýur­duň paý­tag­ty Ha­noý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­ly çä­re­de ka­bul edi­len bu yla­la­şyk ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň söw­da­sy­ny ös­dür­mä­ge, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mä­ge, aw­tor­lyk hu­kuk­la­ry­ny go­ra­ma­ga, bäs­deş­li­gi we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ýur­duň paý­tag­ty Ha­noý­da ge­çi­ri­len gol çe­kiş­lik da­ba­ra­sy­na Wýet­na­myň Pre­zi­den­ti To Lam, Se­na­gat we tä­jir­çi­lik mi­nist­ri Le Man Hyng hem-de EF­TA-a ag­za ýurt­lar bo­lan Şweý­sa­ri­ýa­dan, Nor­we­gi­ýa­dan, Is­lan­di­ýa­dan we Lih­tenş­teýn­den ge­len res­mi we­kil­ler gat­naş­dy­lar. Er­kin söw­da yla­laşy­gy ta­rap­la­ryň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze derejä çy­kar­mak­da mö­hüm ädim bol­dy.
Iki ta­ra­pyň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy hä­zir­ki wagt­da ýyl­lyk, or­ta­ça 2 mil­liard dol­lara deň­dir. Wýet­nam EF­TA ýurt­la­ry­na, esa­san, de­ňiz önüm­le­ri­ni, aýak­gap, dok­ma we dür­li elekt­rik en­jam­la­ry­ny eks­port ed­ýär. Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan bol­sa se­na­gat en­jam­la­ry, hi­mi­ki we der­man se­riş­de­le­ri hem-de önüm­çi­lik ma­te­ri­al­la­ry sa­tyn alyn­ýar.
Res­mi hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu şert­na­ma Wýet­na­myň eks­port we im­port ba­zar­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, ýer­li kär­ha­na­la­ryň hal­ka­ra bäs­deş­lik ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga hem-de glo­bal ha­ryt zyn­jy­ry­na uý­gun­laş­ma­gy­na uly go­şant go­şar. Şeý­le hem tä­ze yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan Wýet­na­ma gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň çe­kil­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­ler.