Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlarynda käbir ugurlar boýunça ýaryşlar açylyş dabarasyndan ir başlady. Şolaryň biri-de ýaýdan ok atmak bäsleşikleri bolup, Günorta Koreýaly zenan türgen Lim Şihýon mergenlik görkezip, dünýä rekordyny täzeledi. Ol saýlama tapgyrynda 72 atyşda 694 utuk toplap, dünýä rekordynyň täze eýesi boldy. Ozalky rekord onuň watandaşy Kan Çe Ýona degişli bolup, ol 2019-njy ýylda 692 utuk toplapdy.