Türkiýäniň “Galatasaraý” topary myhmançylykda “Lill” bilen duşuşyp, şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. 4-2 hasabynda ýeňiş gazanan türk kluby 2-nji minutda Ýunus Akgüniň goly bilen hasaby açsa-da, ýer eýeleri Diaoneniň 7-nji hem-de 39-njy minutda tapawutlanmagynda öňe saýlandy. Ruhdan düşmedik stambullylar 1-nji ýarymyň ahyrynda Alekseý Batrakowyň goly bilen hasaby deňledi. Russiýaly hüjümçi bassyr 2-nji duşuşygynda gol geçirmegi başardy. Oýnuň 52-nji minutynda Bentalebe degip derwezä giren awtogol bilen “Galatasaraý” 3-2 hasabynda öňe saýlandy. 61-nji minutda bolsa öňki toparyny gynandyran Wiktor Osimhen oýna soňky nokady goýdy.

Madridde ýerli “Real” nemes kluby “Leipsig” bilen duşuşdy. Tibo Kurtuanyň erjel oýun görkezen duşuşygynda “Real Madrid” 4-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Real Madride” ýeňiş getiren gollary Bernardo Silwa, Arda Güler, Kilian Mbappe hem-de Diomande geçirdi.

Öz meýdançasynda “Şahtýor Donesk” bilen duşuşan “Inter” iň kiçi hasap bilen ukrain toparyndan üstün çykmagy başardy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 77-nji minutda Karlos Augusto derwezä girizdi.