Ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan «Fer­ra­ri» kom­pa­ni­ýa­sy krip­to­pul ar­ka­ly ka­bul edil­ýän tö­le­giň çä­gi­ni gi­ňeld­ýär. Kom­pa­ni­ýa şu aýyň ahy­ryn­dan baş­lap Ýew­ro­pa­da­ky äh­li söw­da no­kat­la­ryn­da krip­to­pul ar­ka­ly tö­leg ka­bul et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa ýy­lyň ahy­ry­na çen­li krip­to­pul­la­ryň ka­nun taý­dan ka­bul edil­ýän äh­li ýurt­la­ryn­da şeý­le müm­kin­çi­li­giň dö­re­dil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ital­ýan bren­di ge­çen ýyl ABŞ-da krip­to­pul bir­lik­le­ri ar­ka­ly tö­leg­le­ri ka­bul edip baş­lap­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýaý­ra­dan be­ýa­na­tyn­da Ýew­ro­pa­da bu müm­kin­çi­li­giň dö­re­dil­me­gi­niň ABŞ-da bu ugur­da oňyn ne­ti­je ga­za­nyl­ma­gy bi­len bag­ly­dy­gy aý­dyl­dy.