Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri gözelligiň, ýyndamlygyň, çydamlylygyň we wepalylygyň ajaýyp nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda türkmeniň durmuşynyň, medeniýetiniň we ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegine öwrülen behişdi bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak, milli atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem bu ugurda amala aşyrylýan möhüm işleriň biri boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy diňe bir gerimi bilen däl, eýsem, onda döredilen häzirki zaman şertleri, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen hem tapawutlanýar. Toplumyň ýerleşýän ýeriniň tebigy-howa şertleri ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Onuň binagärlik keşbi daş-töweregiň tebigaty bilen sazlaşýar, bezeg işlerinde bolsa ahalteke bedewleriniň keşbine aýratyn orun berilýär.
Toplumyň esasy aýratynlyklarynyň biri atlary idetmekde we olaryň ýagdaýyna gözegçilik etmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagydyr. Esasy we dolandyryş binalary ylmyň hem-de tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilendir. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly bedewleriň saklanyşyna we iýmitlenişine gözegçilik etmek, hatda olaryň näçe wagt ukuda bolandygy ýa-da näçe wagt aýak üstünde durandygy baradaky maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi döredilipdir.
Ahalteke bedewleriniň iň gymmatly aýratynlyklarynyň biri olaryň tohum arassalygydyr. Şonuň üçin hem täze toplumda tohumçylyk-seçgiçilik işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ahalteke bedewini ösdürip ýetişdirmekde onuň sagdyn iýmitlenmegi möhüm şertleriň biridir. Täze toplumda bu mesele hem toplumlaýyn çözülýär. Bu ýerde bedewleri iýmitlendirmek üçin ýörite alma baglary döredilip, käşir ekilýän meýdanlar bölünip berlipdir. Şeýle hem atlara niýetlenen ýorunja ösdürilip ýetişdirilýär. Toplumyň möhüm aýratynlyklarynyň ýene biri atly sporty ösdürmek üçin döredilen döwrebap şertlerdir. Toplumda atlary seýislemek üçin ýörite bina hem-de bedewleri suwda türgenleşdirmäge niýetlenen desga hem bar. Şeýle mümkinçilikler türgenleriň we bedewleriň iri ýaryşlara taýýarlygyny döwrebap usullar arkaly alyp barmaga şert döredýär.
Täze toplumyň özboluşly aýratynlyklarynyň ýene biri atlar üçin niýetlenen fotostudiýadyr. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler döredilip, bu ýere gelýän myhmanlar ýadygärlik surata düşüp bilerler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynda döredilen şertler milli atşynaslygyň köp asyrlyk tejribesiniň häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasynyň gazananlary bilen sazlaşdyrylýandygyny görkezýär. Döwrebap athanalar, ylmy barlaghanalar, seleksiýa binasy, açyk we ýapyk manežler, suwda türgenleşdiriş desgasy, çapuw ýodalary, ot-iým üpjünçiligi üçin döredilen mümkinçilikler hem-de sanly dolandyryş ulgamy bitewi bir döwrebap atçylyk infrastrukturasyny emele getirýär.
Türkmen halkynyň «Aty baryň – ganaty bar» diýen pähimi bedewiň halkymyzyň durmuşyndaky ornuny örän çuň manyly beýan edýär. Şöhratly pederlerimizden miras galan atşynaslyk sungatynyň häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy, onuň ylmy we tehnologik esaslarynyň pugtalandyrylmagy bu gadymy sungatyň geljegine giň ýol açýar.
Nabat GARRYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








