Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols 2025-nji ýylyň milli saýlawlarynda ikinji möhlete dalaş etmäge taýýardygyny aýtdy. Ýöne ony Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň (GSDP) resmi taýdan hödürlemegi esasy şert bolup durýar.
-Men ýene-de kanslerlige dalaş etmekçi – diýip, Olaf Şols Berlinde guralan metbugat ýygnagynda mälim edip, GSDP-niň “örän agzybir” partiýadygyny nygtady. – Biziň hemmämiz geljekki federal saýlaw kampaniýasyna gatnaşyp, ýeňiş gazanarys – diýip, Şols belledi.
Olaf Şolsuň pikiriçe, hökümetiň esasy wezipesi býudjet meselelerini çözmek bilen birlikde, migrasiýa düzgünlerini berkitmek hem-de ökde hünärli işgärleriň ýetmezçiligi meselesini bolsa, daşary ýurtlardan ökde hünärmenleri çekmek arkaly çözmekden ybaratdyr. Ol sözüniň dowamynda immigrasiýanyň Germaniýanyň ykdysadyýetini durnuklaşdyrýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Şolsuň ilkinji möhleti COVID-19 pandemiýasyna, energiýa we ykdysady çökgünliklere gabat geldi. Ol bu meseleleri çözmäge synanyşanda, dolandyryjy koalisiýanyň agzalary möhüm meseleler boýunça ylalaşmandylar. GSDP-niň we onuň koalisiýa boýunça iki hyzmatdaşy – Erkin demokratik partiýanyň we “Ýaşyllaryň” reýtingi soňky aýlarda pese gaçdy. Bu barada ýurtda geçirilen pikir soralyşyklardan we Ýewropa saýlawlarynda görkezen pes netijelerinden soň belli boldy.
Häkimiýet başyndaky koalisiýa sesleriň diňe üçden birini aldy. GSDP milli saýlawlaryň taryhynda iň pes netijäni – 13,9 göterim ses gazandy. Oppozisiýa konserwatiw blogy Hristian-demokratik we hristian sosial bileleşigi we sagçy “Germaniýa üçin alternatiwa” 45 göterimden gowrak ses alyp, öňdeligi eýeledi. 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek federal saýlawlaryň öňüsyrasynda Olaf Şols döwrebaplaşdyryş we jebislik maksatnamasynyň kömegi bilen saýlawçylaryň goldawyny almaga bil baglaýar.