Hytaýyň Ninbo şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmenistanly gyz rekord goýdy. Has takygy, zenanlaryň arasyndaky 57 kg agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz Şabnam Karimbaýewa ýaşlaryň arasynda dünýä rekordynyň ikisini täzeledi. Ýaş türgen gyzymyz birbada götermekde 89 kg agramy ýokary galdyryp, ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny goýdy. Ildeşimiz itekläp götermekde bolsa 112 kg agramy galdyrdy. Onuň umumylykda göteren 201 kg agramy hem ýaşlaryň arasynda dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy.

Netijede, Şabnam Karimbaýewa 201 kg agram bilen 5-nji orny eýeledi. Bu agram derejesinde KHDR-li O Kwan Ok altyn (102+125, 227), Hytaý taýpeýli Çzen Guan-ling kümüş (90+125, 215), ukrainaly Olha Iwženko bürünç (96+120, 214) medala mynasyp boldy. Ýaryşda ermenistanly Aleksandra Grigorýan 4-nji orny eýeledi (85+120, 205).