Ýer ýüzünde her sebitiň başgaça tebigaty – howasy, ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Edil gury ýerde bolşy ýaly deňizleriň düýbünde hem baý ekoulgam bolup, suwasty tebigat hem geografik ýerleşişine görä üýtgeýär. Ummanlaryň aşagynda hem jandarlaryň we ösümlikleriň az gabat gelýän «çöllük» ýerleriň bolşy ýaly, «gür tokaýly» ýerleri hem bar. Merjen rifleri suwuň düýbündäki iň baý tebigatly ýerler hasaplanýar. Riflerde dürli ösümlikler, suwotular bolup, ýüzlerçe jandary özüne çekýär. Bu janly organizmler deňiz jandarlarynyň iýmitlenmegi, aw etmegi, goranmagy, ýaşamagy we köpelmegi üçin amatly şertleri hödürleýär. Merjen rifleri deňiz biodürlüligini saklamaga we goramaga hem ýardam edýär. Şol sebäpli olary gorap saklamak, ýok bolan ýerlerini dikeltmek we ýaýrawyny giňeltmek üçin dürli ylmy işler edilýär. Merjenleriň duş gelýän ýerine görä, dürli görnüşleri bolýar. Bu jandarlaryň ýaşaýan ýerleri bolan rifler deňiz suwunyň näderejede arassadygyndan hem habar berýär. Eger rifleriň reňki agaryp, solup başlan bolsa, ol ýerdäki suwuň hapalanandygyny ýa-da suwuň aşa köp gyzandygyny aňladýar. Biwagt aw etmek, howanyň adatdakydan ýokary maýlamagy we adam tarapyndan hapalanmagy merjen riflerine zeper ýetirip bilýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak we zeper ýeten ýerleri dikeltmek üçin dünýäde birnäçe taslama durmuşa geçirilýär. Olaryň iň esasysy bolsa, «merjen şitilhanalarydyr».
Merjen rifleri biri-birine bagly millionlarça ownuk janly organizmden emele gelýär. Merjen rifleri uzak ýyllaryň dowamynda köpelip, meýdanyny giňeldýär. Merjenler gijelerine mikroskobik ölçegdäki planktonlar we beýleki kiçi balyklar bilen iýmitlenýärler.
Merjen rifleri baý ekoulgamy emele getirip, köp jandar üçin iýmit çeşmesi hasaplanýar. Bu ýerlerde örän kiçi jandarlar bilen bir hatarda ummanlaryň iň wagşy jandarlary hem duş gelýär.
Köplenç Gün şöhlesiniň ýetýän çuňlugyndaky saý suwlarda gabat gelýän merjen riflerindäki suwotular fotosintez arkaly merjenleri energiýa bilen üpjün edýär.
Merjen rifleri kenarýakalary güýçli deňiz tolkunlarynyň täsirinden goraýar, balykçylyk pudagynyň ösmegine ýardam edýär we suwasty syýahatçylygy üçin şert döredýär.
Merjen rifleriniň ýaýrawyny giňeltmek üçin olar emeli usulda köpeldilýär. Soňra bolsa, tebigy ýaşaýan ýerlerine göçürilýär. Munuň üçin merjen rifiniň kiçijik bölejikleri alynýar. Bu bölejikler «şitilhanalarda» ulaldylýar. Ýeterlik derejede ulalandan soňra tebigy merjen riflerine göçürilýär. Häzire çenli merjen rifleriniň çägini giňeltmekde taýýarlanan taslamalaryň arasynda bu usulyň has gowy netije berendigi bellenilýär.