Bütin dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly bellenilip geçilýän Täze ýyl baýramçylygyny arçasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu baýramçylykda arçany bezemek dürli ýurtlarda dürli ýyllarda başlapdyr. Maşgala baýramçylygynda bu agajyň saýlanmagy ýöne ýerden däldir. Sebäbi gyşyn-ýazyn pürleri düşmeýän we ýap-ýaşyl öwsüp oturýan arça gadymy Müsürde, Hytaýda we beýleki medeniýetlerde bakylygyň nyşany hasaplanypdyr. Soňlugy bilen, bu däp Ýewropa ýurtlaryna hem geçipdir. Germaniýada gyş paslyna gabat gelýän baýramçylyklarda öýüň girelgesinde ýa-da jaýyň içinde hemişe ýaşyl öwsüp oturýan agaç goýmak däbi hem bar eken. Şol sebäpli häzirki wagtda Täze ýylyň bezegi hasaplanýan arçanyň Germaniýanyň günbataryndaky halklaryň medeniýetinden gelip çykandygy çaklanylýar. Orta asyrlarda jennet bagynyň simwoly hasaplanýan arça alma bilen bezelipdir. Häzirki wagtda hem ýurduň köp ýerinde 24-nji dekabr güni arça agajyny ekmek däbi dowam edýär. XIX asyrda Täze ýyl baýramynda arça bezemek tutuş Ýewropada, Uzak Gündogar ýurtlarynda ýoň bolup başlaýar.
Täze ýylda dünýäniň ähli şäherinde diýen ýaly bezelýän arçalarynyň has täsin görnüşleri bar. Olaryň käsi çüýşeden ýasalýan bolsa, käbiri suwuň ýüzünde gurlupdyr. Italiýanyň uly bolmadyk Gubbio şäherinde bolsa, dag gerşi tutuşlygyna arçanyň şekilinde yşyklandyrylýar. Ol iň uly Täze ýyl arçasynyň şekili hökmünde 1991-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Onuň tutýan meýdanynyň uzynlygy 650 metr, ini 350 metr. Şekili emele getirmek üçin dürli reňkli 3000 lampa ýakylyp, ol 8,5 kilometri öz içine alýar. Şäheriň gapdalyndaky dagyň ýüzündäki bu arça 50 km uzaklykdan görünýär. Bu çyralar 1981-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji dekabrynda ýakylýar.
Täsin Täze ýyl arçalary mundan başga-da az däl. Köp ýerde äpet jaýlaryň ýokarsy başaşak arçalar bilen bezelýär. Awstraliýanyň Brisben şäherinde bolsa, yşyklary Gün panelleri arkaly ýagtylandyrylýan iň uly arça bar. Günorta ýarymşarda bolany üçin Täze ýyl bu ýurtda howanyň yssy wagtyna gabat gelýändigi sebäpli ol örän netijeli işleýär. Braziliýanyň Rio-De-Žaneýro şäherinde her ýylda uzynlygy 86 metrlik arça gurulýar. Kenardan uzak bolmadyk ýerde gurlan bu arça ýüzýän iň uzyn arça hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Meksikanyň paýtagty Mehikoda bolsa, 111 metrlik arça häzirki wagtda iň uzyn arça hökmünde rekordy elinde saklaýar. Ýaponiýanyň paýtagtyndaky “Sunshine” akwariumynda suwuň aşagyndaky arça dünýäniň dürli ýerlerinden myhmanlary özüne çekýär. Boliwiýanyň La-Pas şäherinde gurlan arçany ýagtylandyrmak üçin onuň gapdalynda goýlan iki welosipediň pedallaryny aýlamaly. Adam güýji bilen döredilen energiýa ol ýere barýanlarda has üýtgeşik täsir galdyrýar.