19-njy awgustda paýtagtymyzda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar, okuwçylar, talyplar üçin harytlaryny, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, meşhur Modalar öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.
Bu barada 26-njy iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi.