Pariž 2024-iň çäginde nyşana ok atmak boýunça 10 metr tüpeň görnüşinde bäsleşen gruziýaly Nino Salukwadze taryhy rekord goýdy. 55 ýaşyndaky türgen 10-njy gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan ilkinji zenan, umumylykda 2-nji türgen boldy. Ondan öň kanadaly atçylyk sportunyň wekili Iýn Millar 1972-2012-nji ýyllar aralygynda jemi 10 gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdy (1980-nji ýyldaka gatnaşmandy). Salukwadze bu gezekki ýaryşda 38-nji orny eýeledi. Ol ilkinji Olimpiadasynda, ýagny 1988-nji ýylda SSSR-iň adyndan wekilçilik edipdi we 25 metr tüpeň ýaryşynda altyn, 10 metr tüpeň bäsleşignde bolsa kümüş medal gazanypdy. Ol bu medallardan 20 ýyl soň Pekinde 10 metr tüpeň bäsleşiginde bu gezek bürünç medala mynasyp bolupdy. Salukwadze 36 ýyllyk döwürde 3 dürli topar bilen çykyş etdi. Ilki SSSR-iň adyndan wekilçilik eden Salukwadze, 1992-nji ýylda Birleşen topar bilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdy. Ol 1996-njy ýyldan bäri bolsa Gruziýanyň adyndan çykyş edip gelýär.
Salukwadze Pariž 2024-de 25 metr tüpeň ýaryşyna-da gatnaşar.