“SpaceX” kompaniýasy “Starlink” hemra ulgamynyň dünýäniň 1000-den gowrak uçaryny ýokary tizlikli internet bilen üpjün edendigini mälim etdi. Bu barada Kanadanyň “WestJet” we “Telus” ýaly kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygy yglan edilenden soň, habar berildi.
-“Starlink”-kiň ýokary tizlikli internetine dünýänyň 1000-den gowrak uçarynyň birikdirilmegi bu awiasion ulgamyň geljeginiň uludygyny görkezýär – diýip, “Starlink”-iň korporatiw satuw boýunça wise-prezidenti Jeýson Friç aýtdy.
“WestJet” bilen ýakyn hyzmatdaşlyk bu awiakompaniýanyň ýolagçylaryna basym “Starlink”-iň internetine elýeterli bolmaga mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, “Telus” bilen hyzmatdaşlyk “WestJet Rewards” maksatnamasyna gatnaşyjylara “Starlink”-e mugt elýeterliligi hödürlär.
“SpaceX”-iň ýolbaşçysy Ilon Mask “Starlink”-iň ýolagçylara hatda howada hem ýerdäki optiki-süýümli birikmesiniň tizligini duýmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Indi “Starlink”-e birikdirilen uçarlaryň sanynyň has-da artyp, dünýädäki ýolagçylara uçuş wagtynda ýokary tizlikli internete girmäge mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar.