Umumylykda medallar toplumynyň 35-si paýlanjak ýüzmek ýaryşynda ilkinji 5 günde 20 ugruň ýeňijisi belli boldy. Erkekleriň arasynda fransiýaly Leon Marşan 3 altyn medal gazanyp, Olimpiýa oýunlarynyň ýyldyzy bolmak ugrunda öňe saýlanýar. Ol 400 metr garyşykda Maýkl Felpsiň 16 ýyllyk Olimpiýa rekordyny täzeläp (4:02,95 minut) altyn medal gazanmagyndan soň, 1 günde hatda 2 sagadyň içinde ýene-de 2 altyn medala mynasyp boldy. Üstesine-de ikisinde hem Olimpiýa rekordyny täzeledi. Ol ilki 200 metr brass ýüzüşde 2 minut 05,85 sekuntda pellehana gelip, wengriýaly Kristof Milagyň Tokioda goýan rekordyny, soňra 200 metr kebelekleýin ýüzüşde 1 minut 51,2 sekuntda ýaryşy tamamlap, ýene-de Milagyň Ýaponiýanyň paýtagtynda täzelän rekordyny öz adyna geçirdi. Ähli döwürleriň iň ökde ýüzüjisi Maýkl Felps hem 2 sagadyň dowamynda 2 Olimpiýa rekordy bilen altyn medal gazanmandy.