Ha­zar deň­zi te­bi­ga­tyň aja­ýyp baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Onuň ma­wy tol­kun­la­ry, tä­sin ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si, baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri di­ňe bir ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň däl, eý­sem, tu­tuş adam­za­dyň umu­my eko­lo­gik gym­mat­ly­gy­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, Ha­za­ryň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny go­rap sak­la­mak, de­ňiz gur­şa­wy­nyň aras­sa­ly­gy­ny üp­jün et­mek we onuň ekoul­ga­my­nyň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny ber­kit­mek mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy hal­ka­ra eko­lo­gik hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti­niň ge­çi­ril­me­gi ba­ra­da­ky baş­lan­gyç deň­ziň gel­je­gi­ne bo­lan umu­my jo­gap­kär­çi­li­giň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň we se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup çy­kyş ed­ýär.
Ha­zar deň­zi dün­ýä­niň iň uly ýa­pyk suw how­da­ny bo­lup, öz­bo­luş­ly bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýer­de duş gel­ýän Ha­zar düw­len­le­ri, bek­re ba­lyk­la­ry we beý­le­ki seý­rek gör­nüş­ler deň­ziň eko­lo­gik ul­ga­my­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Şol bir wag­tyň özün­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, suwuň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi, ha­pa­lan­mak how­py we bio­lo­gik se­riş­de­le­riň azal­ma­gy Ha­za­ryň te­bi­ga­ty­ny go­ra­mak bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly çä­re­le­riň ze­rur­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti­niň esa­sy gym­ma­ty hem deň­ziň te­bi­gy gur­şa­wy­ny go­rap sak­la­ma­ga, yl­my hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge we gel­jek­ki ne­sil­ler üçin eko­lo­giýa taý­dan sag­dyn Ha­za­ry mi­ras gal­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len çe­me­leş­me­de jem­len­ýär.
9-njy okt­ýabr­da ge­çi­ril­en Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti­ deň­ziň suwunyň de­re­je­si­niň üýt­ge­me­gi, ke­nar­ýa­ka ekoul­gam­la­ryň go­ral­ma­gy, suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy we eko­lo­gik howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­ri hal­ka­ra de­re­je­de ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Sam­mi­tiň aý­ra­tyn­ly­gy Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gik me­se­le­le­ri­niň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň de­re­je­sin­de öz­baş­dak ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gyn­da­dyr. Du­şu­şyk­da Ha­zar deň­zi­niň su­wu­nyň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi ara alnyp maslahatlaşylan esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri bol­dy. Bu ýag­daý de­ňiz ulag­la­ry­na, ke­nar­ýa­ka inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na, ba­lyk­çy­lyk ho­ja­ly­gy­na we te­bi­gy ýa­şa­ýyş gur­şa­wy­na tä­sir edip bil­ýär. Şo­nuň üçin me­se­lä­niň çöz­gü­di äh­li Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­ny ta­lap ed­ýär. Sam­mit­de su­wuň de­re­je­si­niň üýt­ge­me­gi­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça Hö­kü­met
Baş­tu­tan­la­ry­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň de­re­je­sin­de to­par dö­ret­mek, onuň ýa­nyn­da alym­la­ryň we hü­när­men­le­riň ýö­ri­te­leş­di­ri­len iş to­par­la­ry­ny gu­ra­mak ba­ra­da­ky tek­lip­le­re üns be­ril­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar eko­lo­gi­ýa baş­lan­gy­jy ýur­du­my­zyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da­ky hal­ka­ra iş­jeň­li­gi­niň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­rüp­di. Awa­za­da ge­çi­ri­len sam­mit bol­sa bu baş­lan­gy­jy ýo­ka­ry de­re­je­li köp­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler bi­len do­wam et­dir­di.
Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti di­ňe bir eko­lo­gi­ýa bi­len çäk­len­me­ýär. Ha­zar deň­zi­niň go­ral­ma­gy ulag-lo­gis­ti­ka gat­na­şyk­la­ry­nyň, söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, ba­lyk­çy­lyk pu­da­gy­nyň we sy­ýa­hat­çy­ly­gyň dur­nuk­ly ösü­şi üçin hem ze­rur­dyr. Deň­ziň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len yk­dy­sa­dy ösü­şiň ara­syn­da saz­la­şyk­ly de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Awa­za sam­mi­ti te­bi­ga­ty go­ra­mak bi­len yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ut­gaş­dyr­ma­gyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ýan mö­hüm gep­le­şik meý­dan­ça­sy­na öw­rül­di.
Ha­zar deň­zi­niň gel­je­gi di­ňe bir şu gün­ki nes­liň däl, eý­sem, er­tir­ki ne­sil­le­riň hem yk­ba­ly bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin eko­lo­gik me­de­ni­ýe­ti ös­dür­mek, ýaş­la­ry te­bi­ga­ty go­ra­mak iş­le­ri­ne iş­jeň çek­mek, yl­my-bar­lag hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek we daş­ky gur­şa­wa aýaw­ly çe­me­leş­mek her bi­ri­mi­ziň öňü­miz­de du­ran mö­hüm we­zi­pe­dir.

Gülistan ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň logistika kafedrasynyň mugallymy.