Hy­taý özü­niň «In­ter­na­tio­nal Lu­nar Re­se­arch Sta­ti­on» (ILRS) Aý stan­si­ýa­sy­nyň çä­gin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­ga 50 ýur­dy çek­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da «SpaceNews» web saý­ty ha­bar ber­ýär.
– Biz äh­li ýurt­lar, şol san­da, glo­bal Gü­nor­ta, ös­ýän BRICS ýurt­la­ry, şeý­le hem Gün­ba­tar ýurt­la­ry bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ýo­la goý­mak is­le­ýä­ris – di­ýip, Hy­ta­ýyň Aý göz­leg mak­sat­na­ma­sy­nyň baş konst­ruk­to­ry Wu Weý­ren, «Chi­na Glo­bal Te­levision Net­work» (CGTN) te­le­ýaý­ly­my­ bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, Hy­taý hä­zir­ki wagt­da 10-dan gow­rak ýurt we 30 tö­we­re­gi da­şa­ry ýurt­la­ryň yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty bi­len bu ugurdaky şert­na­ma­la­ra gol çek­di.
– Biz 50 sa­ny da­şa­ry ýurt­la­ryň bar­lag ins­ti­tu­ty­ny we 5 müň da­şa­ry ýurt­ly aly­my hal­ka­ra Aý yl­my-bar­lag stan­si­ýa­my­zy bi­le­lik­de gur­ma­ga ça­gy­ryp, bu ugur­da 50 ýurt bi­len iş­leş­mek is­le­ýä­ris – di­ýip, hü­när­men bel­le­di.