Halkymyzda «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» ýa-da «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýen pähimler ýöne ýere aýdylmandyr. Bu ýagdaý hut Agamyradyň durmuşyna-da mahsus bolupdy.
Agamyrat Baltaýew bilen meniň tanyşlygym 1992-nji ýylda açylan Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolup geçipdi. Men şol ýyl institutyň «Drama teatrynyň režissýory» bölüminde gaýybana okap başlapdym. Şonda Agamyrat biziň toparymyzy «Köpçülik çärelerini guramak» sapagyndan okadýardy. Soňra men telewideniýäniň režissýorlygyndan «Türkmenfilm» birleşigine işe gelmeli bolupdym. Meniň wezipäme kino düşýän artistlere, kino düşürmek üçin rugsat alyp bermek hem girýärdi. Munuň üçin bolsa Medeniýet ministrligine ýüz tutmaly bolýardy. Bir gün hem ministrlikde teatrlara we tomaşa jaýlaryna jogap berýän bölümde, Agamyrada duşaýmanmy, görüp otursam ol şol bölümiň müdiri wezipesinde işleýän eken, şeýdip biz Agamyrat bilen kärdeş bolup gidiberdik. Şondan soň meniň kalbymda Agamyradyň täsin ykbaly barada okyjylar köpçüligine ýetirmek höwesi döredi.

Agamyradyň kakasy hünäri boýunça ýol gurluşykçy bolsa-da, aýdym-sazdan habarly bolupdyr, şygryýet, çeper sungat bilen meşgullanypdyr. Dessanlaryň ençemesini ýatdan bilip, suhangöýligi bilen toýlarda märekä hyzmat edipdir. Halka ruhubelentlik paýlan tebigy zehinli ynsan bolupdyr. Agamyradyň ejesi Altyn daýza dokuz ogul, bir gyz – on çagany dünýä inderip, olary watanperwer, zähmetsöýer, ilhalar nesiller edip terbiýelemek bilen bir hatarda, halk döredijilik eserleriniň mazmun hem-de ýerine ýetiriliş usullaryny çagalaryna öwredipdir. Perzentleriniň ählisiniň aýdym-saz, tans, folklor, drama sungatyndan habarly bolmagyny, perzentleriniň sungata ykbalyny baglamagyny gazanypdyr.

1970-nji ýy­lyň ýaz aý­la­ry­nyň bir gü­ni Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Sa­ýat et­ra­by­nyň Le­bap daý­han bir­le­şi­gi­niň Çal­tut oba­syn­da dün­ýä inen Aga­my­ra­dyň dür­li kär­den baş alyp çyk­ýan yn­san bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne bel­ki ka­ka­sy­nyň hem eje­si­niň yh­las­la­ry se­bäp bo­lan­dyr. Ol en­tek Sa­ýat et­ra­byn­da­ky 6-njy or­ta mek­de­biň 3-nji syn­pyn­da oka­ýar­ka, oba­syn­da­ky saz­çy­lyk mek­de­bi­ne oku­wa gi­rip, du­tar, ak­kor­de­on, gi­ta­ra ýa­ly saz gu­ral­la­ry­ny çal­ma­gy öw­re­nip­dir. Onuň da­şyn­dan Aga­my­rat oba­la­ryn­da­ky me­de­ni­ýet öýün­de çe­per hö­wes­jeň­ler gur­nak­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­sy bol­ýar. Toý­dur baý­ram­lar­da çe­per hö­wes­jeň­ler to­pa­ry hem-de maş­ga­la an­samb­ly bi­len yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýär. Şeý­di­bem onuň ar­zu­wy ha­syl bol­ýar.
Aga­my­rat 1987-nji ýyl­da or­ta mek­de­bi ta­mam­lap, öň­ki Aş­ga­ba­dyň Türk­men döw­let pe­da­go­gi­ki sun­gat ins­ti­tu­ty­na oku­wa gir­ýär. 1988-1989-njy ýyl­lar­da Wa­tan öňün­dä­ki gul­luk bor­ju­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Soň­ra ol ins­ti­tut­da oku­wy­ny do­wam et­dir­ýär. Ol 1990-1991-nji ýyl­lar­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­dä­ki uni­wer­si­tet­de oka­ýar. 1992-nji ýyl­da Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­tyn­da oku­wy­ny do­wam edip, ins­ti­tu­ty «Me­de­ni aň-bi­lim iş­gä­ri», «Me­de­ni gu­ra­ma­çy­lyk işi­niň gu­ra­ma­çy usu­ly­ýet­çi­si» hü­nä­ri bo­ýun­ça ta­mam­lap, şol ýyl ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň «Halk dö­re­di­ji­li­gi» tej­ri­be­ha­na­sy­nyň mü­di­ri we­zi­pe­sin­de zäh­met ýo­lu­na baş­la­ýar. A. Bal­ta­ýew ins­ti­tut­da oka­ýan döw­ri bel­li sun­gat us­sa­dy Sa­par­gel­di Çi­ni­lo­wyň we kom­po­zi­tor At­da Ça­ry­ýe­wiň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len «Mer­jen» (hä­zir­ki wagt­da «Mi­ras») folk­lor-et­nog­ra­fi­ýa to­pa­ryn­da çy­kyş edip, soň­ra to­pa­ra ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Aga­my­rat ha­ly­pa­sy, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan me­de­ni­ýet iş­gä­ri, Türk­me­nis­ta­nyň us­sat mu­gal­ly­my Ho­jak Mäm­me­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­dä­ki oba­lar­da folk­lor-et­nog­ra­fi­ýa mi­ra­sy öw­ren­mek bo­ýun­ça yl­my-göz­leg sa­par­la­ryn­da bol­ýar. Et­nog­ra­fi­ýa göz­leg­le­riň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan mag­lu­mat­la­ryň esa­syn­da lä­le­le­riň, küşt­dep­di­le­riň, toý aý­dym­la­ryň we beý­le­ki halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri­niň ga­dy­my nus­ga­la­ry di­kel­di­lip, «Mer­jen» folk­lor-et­nog­ra­fi­ýa to­pa­ryn­da sah­na­laş­dy­ryl­ýar. 1992-2008-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da A.Bal­ta­ýew Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­tyn­da «Halk dö­re­di­ji­lik» tej­ri­be­ha­na­sy­nyň mü­di­ri, «Halk dö­re­di­ji­li­gi» ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my, «Me­de­ni gu­ra­ma­çy­lyk işi», «Akt­ýor­çy­lyk sun­ga­ty» ka­fed­ra­sy­nyň mü­di­ri bo­lup iş­le­mek bi­len, mil­li sun­ga­ty­my­zyň folk­lor, tans, aý­dym-saz, teatr, et­nog­ra­fi­ýa ugur­la­ry­na de­giş­li dö­re­di­ji­lik, yl­my-usu­ly­ýet iş­le­ri­ni alyp bar­ýar. Ol «Halk dö­re­di­ji­li­giň esas­la­ry», «Me­de­ni gu­ra­ma­çy­lyk işi» hü­när ders­le­rin­den okuw mak­sat­na­ma­la­ry­ny hem-de gol­lan­ma­la­ry­ny ýaz­ýar, hü­när be­riş ders­le­rin­den ta­lyp­la­ra sa­pak ber­ýär. Şeý­le-de, onuň H.Mäm­me­dow bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­lan «Sum­bar nag­ma­la­ry» ki­tap­ça­sy ne­şir edil­ýär. Onuň il­kin­ji ýa­zan ma­ka­la­la­ry, goş­gu­la­ry, kys­sa­la­ry en­tek mek­dep­de oka­ýan dö­wür­le­rin­de et­rap ga­ze­tin­de, ins­ti­tut­da oka­ýar­ka mer­ke­zi ga­zet-žur­nal­lar­da, yl­my ne­şir­ler­de çap edi­lip baş­lan­ýar. Onuň 2012-nji ýyl­da O.Ora­zow bi­len bi­le­lik­de «Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri: göz­baş­lar we do­wa­mat», A.Jy­ky­ýew bi­len bi­le­lik­de «Now­ruz – türk­men hal­ky­nyň mil­li baý­ra­my», 2014-nji ýyl­da aw­tor­daş­lar bi­len bi­le­lik­de or­ta mek­dep­le­riň 10-njy synp okuw­çy­la­ry üçin «Me­de­ni mi­ras» der­si bo­ýun­ça okuw ki­ta­by, 2018-nji ýyl­da «Bagt to­ýy: dur­muş to­ýu­nyň ada­ty we hä­zir­ki za­man däp-des­sur­la­ry» at­ly yl­my mo­nog­ra­fi­ýa­sy, 2023-nji ýyl­da bol­sa aw­tor­daş­lar bi­len bi­le­lik­de or­ta mek­dep­le­riň 11-nji synp okuw­çy­la­ry üçin «Me­de­ni mi­ras» der­si bo­ýun­ça okuw ki­ta­by ne­şir edil­di.
Şu ýyl aly­myň «Ar­ka­dag hem Py­ra­gy – kö­ňül­ler şam­çy­ra­gy» at­ly mo­nog­ra­fi­ýa­sy çap edi­lip, oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di.
Aga­my­rat ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­la­ýyş ýy­lyn­da ta­ryh ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor A.Ora­zo­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da «Türk­men mil­li toý-baý­ram­la­ry» at­ly dip­lom işi­ni ýaz­ýar. Şon­dan soň ol aka­de­mik A.Jy­ky­ýe­wiň kan­di­dat­lyk yl­my işi­ni taý­ýar­la­ýar. Aka­de­mik B.M.Mas­so­nyň we W.I.Sa­ria­ni­di­niň, S.Ata­ny­ýa­zo­wyň, bel­li alym­lar T.Ho­ja­ny­ýa­zo­wyň, M.Gur­ba­no­wyň, A.Ber­di­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ar­heo­lo­gi­ýa we et­nog­ra­fi­ýa yl­my-göz­leg to­par­la­ryň dü­zü­min­de gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ar­heo­lo­gi­ýa we et­nog­ra­fi­ýa bar­lag­la­ry ge­çir­mä­ge gat­naş­ýar we tä­ze yl­my açyş­la­ry ed­ýär.
A.Bal­ta­ýe­wiň mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň ta­ry­hy­na we ösüş men­zil­le­ri­ne, folk­lor, aý­dym-saz, tans, ki­no, sirk, teatr we dö­re­di­ji­lik sun­ga­ty­na, ar­heo­lo­gi­ýa hem-de et­nog­ra­fi­ýa yl­my ugur­la­ry­na de­giş­li 1986-njy ýyl­dan hä­zir­ki wag­ta çen­li ýa­zan yl­my ma­ka­la­la­ry­nyň en­çe­me­si türk­men, rus, iň­lis dil­le­rin­de ne­şir edil­di. He­ka­ýa­la­ry­dyr goş­gu­la­ry ga­zet-žur­nal sa­hy­pa­la­ryn­da çap edil­di. Yl­my ma­ka­la­la­ry­nyň 200-den gow­ra­gy ýur­du­myz­da, şo­nuň ýa­ly-da da­şa­ry ýurt­la­ryň en­çe­me­sin­de dür­li dil­ler­de çap edil­di.
A.Bal­ta­ýew me­de­ni­ýet, ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da iş­le­mek bi­len, ök­de gu­ra­ma­çy hök­mün­de özü­ni yk­rar et­dir­me­gi ba­şar­dy. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ar­heo­lo­gi­ýa we ta­ryh ins­ti­tu­ty­nyň bö­lüm mü­di­ri we alym kä­ti­bi we­zi­pe­le­rin­de iş­län döw­rün­de «Ar­ka­dag hem Py­ra­gy – kö­ňül­ler şam­çy­ra­gy», «Oguz­kent – Oguz­ ha­nyň şä­he­ri», «Aba seý­siň at­şy­nas­lyk mi­ra­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk mer­jen­le­ri», «Parz­de­pe ýa­dy­gär­li­gi – me­de­ni­ýe­tiň ösen ga­dy­my oja­gy», «Köý­ten­da­gyň tä­sin­lik­le­ri», «Kö­ne­ür­gen­jiň ýa­dy­gär­li­ke­ri – me­de­ni mi­ra­syň gen­ji», «Dün­ýä ýaň sa­lan Merw», «Et­nog­ra­fi­ýa söz­lük», T.Ho­ja­ny­ýa­zow bi­len aw­tor­daş­lyk­da «Türk­men ma­na­dy – bag­ty­ýar­ly­gyň ny­şa­ny» at­ly ki­tap­la­ry ýaz­ýar. Onuň jo­gap­kär re­dak­tor­lyk et­me­gin­de «Sum­bar nag­ma­la­ry», «Türk­me­nis­ta­nyň ar­heo­lo­gi­ýa we et­nog­ra­fi­ýa yl­my­nyň ösü­şi» at­ly yl­my ma­ka­la­lar ýy­gyn­dy­sy, şeý­le hem «Türk­men top­ra­gy – dün­ýä ýaň sa­lan me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň oja­gy» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň te­zis­le­ri we beý­le­ki sal­dam­ly eser­le­ri ne­şir edil­di. Şo­nuň ýa­ly-da, ol Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyl­ýan «Türk­me­nis­ta­nyň gör­nük­li teatr, ki­no, sirk ar­tist­le­ri» we «Ga­raş­syz­lyk joş­gu­ny, kys­sa­lar ýy­gyn­dy­sy» at­ly ki­tap­la­ryň hem dü­zü­ji­si we aw­to­ry­dyr.
A.Bal­ta­ýew ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň we onuň sek­re­ta­ria­ty­nyň «Ga­dy­my Merw», «Kö­neüer­genç», «Nu­saý ga­la­la­ry» ýa­dy­gär­lik­ler top­lum­la­ry­ny, «Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty­ny, «Now­ruz» baý­ra­my­ny hem-de «Küşt­dep­di» aý­dym we tans des­su­ry­ny ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek üçin hö­dür­na­ma res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­la­ma­ga gat­naş­ýar. Ol mil­li bi­ler­men hök­mün­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len gu­ra­ma­sy bo­lan ÝU­NES­KO-nyň gu­ra­ma­gyn­da da­şa­ry ýurt­la­ryň en­çe­me­sin­de ge­çi­ri­len Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len mej­lis­le­rin­de çy­kyş ed­ýär.
A.Bal­ta­ýew 1993-1995-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ta­ryh ins­ti­tu­tyn­da as­pi­ran­tu­ra­da oka­ýar we 2010-2013-nji ýyl­lar­da ylym­la­ryň kan­di­da­ty di­ýen alym­lyk de­re­je­si­ni al­mak üçin da­laş­gär­li­ge ka­bul edil­ýär we taý­ýar­la­ýyş okuw­la­ryn­da dis­ser­ta­si­ýa we yl­my iş­le­ri ýaz­mak bo­ýun­ça okuw-usu­ly­ýet tej­ri­be­le­ri­ni üs­tün­lik­li öz­leş­dir­ýär. 2019-njy ýyl­da bol­sa dis­ser­ta­si­ýa­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len ge­ňe­şe go­ra­mak üçin hö­dür­len­ýär we 2023-nji ýyl­da kan­di­dat­lyk de­re­je­si­ni go­rap, ta­ryh ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty di­ýen yl­my de­re­jä my­na­syp bol­ýar. Ol Hal­ka­ra Türk­men ala­baý it­le­ri as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­sy bol­mak bi­len, türk­men ala­ba­ýy­nyň we türk­men ta­zy­sy­nyň stan­dart­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­ga hem gat­naş­ýar.
Ýe­ri ge­len­de A.Bal­ta­ýe­wiň türk­men ki­no sun­ga­ty­na hem go­şan­dy­ny bel­lä­sim gel­ýär. Bu bol­sa onuň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Ýi­gi­de müň dür­li hü­när hem az­dyr» di­ýen pa­ra­sat­ly pä­him­le­ri­ne eýer­ýän­di­gin­den ny­şan­dyr. Ol 2004-nji ýyl­da ki­no­re­žiss­ýor, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Il­my­rat Bek­mi­ýe­wiň su­ra­ta dü­şü­ren «Deň­ziň dä­li ga­ýa­la­ry», 2007-nji ýyl­da ki­no­re­žiss­ýor Şyh­my­rat An­na­my­ra­do­wyň su­ra­ta dü­şü­ren «Mer­te­be», 2016-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan me­de­ni­ýet iş­gä­ri Ýaz­my­rat Şa­dur­dy­ýe­wiň su­ra­ta dü­şü­ren «Parz­de­pe», 2018-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti, ki­no­re­žiss­ýor hem akt­ýor Şir­li Mol­la­ýe­wiň su­ra­ta dü­şü­ren «Be­ýik Ýü­pek ýo­ly», «Nu­saý­dan De­his­ta­na çen­li» film­le­rin­de ki­çi­räk keşp­ler­de çy­kyş ed­ýär. 2020-nji ýyl­da ýe­ne-de Şir­li Mol­la­ýe­wiň su­ra­ta dü­şü­ren «Türk­men ala­ba­ýy» at­ly çe­per-pub­li­sis­tik fil­min­de bol­sa mas­la­hat­çy bo­lup zäh­met çek­ýär.
A.Bal­ta­ýew 2019-njy ýyl­dan Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni, 2021-nji ýyl­dan bä­ri bol­sa mi­nistr­li­giň teatr­lar we to­ma­şa eda­ra­la­ry bö­lü­mi­niň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­de zäh­met çek­mek bi­len, dö­re­di­ji­lik işi­ni üs­tün­lik­li alyp bar­ýar. Onuň «Türk­men owa­zy» te­le­ra­dio­ýaý­ly­myn­da taý­ýar­la­ýan hem özü­niň alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň
dö­re­den aý­dym-saz eser­le­ri­ne hem-de dün­ýä meş­hur bo­lan mil­li aý­dym-saz­la­ry­my­za ba­gyş­la­nan «Bir ese­riň söh­be­di» at­ly gep­le­şi­gi yzy­gi­der­li ýaý­ly­ma be­ril­ýär.
A.Bal­ta­ýe­wiň teklibi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çä­gin­de oba me­de­ni­ýet öý­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy­nyň usu­ly­ýe­ti­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, tans we folk­lor sun­ga­ty­nyň ga­dy­my nus­ga­la­ry­ny di­kelt­mek bo­ýun­ça usu­ly mas­la­hat hem-de usu­ly gol­lan­ma­la­ryň ser­gi­si­ni, şeý­le hem her ýyl «Ber­ka­rar Wa­ta­nyň folk­lor sun­ga­ty» at­ly usu­ly mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek ýo­la go­ýul­dy.
A.Bal­ta­ýew 2004-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­na, 2013-nji, 2016-njy, 2018-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si bo­lup Şa ser­pa­ýy­na, 2023-nji ýyl­da bol­sa TÜRK­SOÝ hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň 30 ýyl­lyk ýu­bi­leý me­da­ly­na, şeý­le-de ta­ryh ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty di­ýen yl­my de­re­jä my­na­syp bol­dy. Özü­niň yh­la­sy, ze­hi­ni, ukyp-ba­şar­ny­gy bi­len dür­li kär­den baş alyp çy­kyp, eziz kyb­la­sy­nyň we kä­be­si­niň ar­zu­wy­ny ha­syl eden Aga­my­rat Bal­ta­ýew bu gün bagt­ly dur­muş­da ýa­şa­ýar. Onuň bagt­ly maş­ga­la­sy bar, gyz­la­ry Maý­sa, Mäh­ri, Mer­jen ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bilim alsalar, kör­pe­le­ri Ajap bi­len Azat, orta mek­dep­de okap ýör­ler. Uly gy­zy Maý­sa ka­ka­sy­nyň yzy­na eýe­rip, yl­my iş­le­re ym­tyl­ýar. Bi­ziň bi­len bo­lan söh­bet­deş­lik­de Aga­my­rat Bal­ta­ýew türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür, döw­let bäh­bit­li alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di.

Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew,
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hünärmeni.